Türkmenistanyň prezidenti jaýlarda gaz ölçeýjileri oturtmagy tabşyrdy

0 ses
38
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 24.12.2017 16:21 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#105)
Türkmenistanyň hökümetiniň 22-nji dekabrda geçirilen mejlisinde energiýa netijeliligini we energiýa tygşytlamagy ýokarlandyrmak zerurlygy nygtaldy.
Türkmenıstan Döwlet Habar gullygynyň maglumatyna görä, “energiýa serişdeleriniň netijeliligini, olaryň tygşytlanylyşyny ýokarlandyrmak ýaşaýyş jaý toplumy üçin hem wajyp bolup durýar”. Sebäbi, energiýa serişdelerini, şol sanda tebigy gazy we elektrik energiýasyny harçlaýanlaryň köp bölegi hut şu ulgama degişlidir.
Şunuň bilen baglylykda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “häzirki zaman energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, şeýle hem “mawy ýangyjyň” ulanylyşyny hasaplaýan ulgamy önümçilik we durmuş pudaklarynda mundan beýläk-de ornaşdyrmak boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi”.
Ýatladýarys, şu ýyl Türkmenistanda sosial ýeňillikler ýatyryldy we ýurtda 1-nji noýabrdan bäri jemagat hojalygy hyzmatlarynyň täze nyrhlary işleýär. Şondan soň häkimiýetler ilatdan jemagat hojalygy serişdelerini ulanyşlaryny kesgitlemek üçin ölçeýji enjamlary oturtmagy talap etdiler.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

Bu Entryni Paýlaş!

...