Türkmenistanda 2024-nji ýyla çenli daşary ýurt dillerini okatmagyň sistemasy dörediler

0 ses
106
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 24.12.2017 16:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#106)
Türkmenistan döwletimiz Garaşsyz bolanyndan bäri 26 ýyl geçdi. Biziň bilen bile Garaşsyz bolan Azerbeýjan, Özbegistan, Gazagystan, we Gyrgyzystan eýýäm 10-15 ýyldan bäri daşary ýurt dillerini okatmak we öwretmek boýunça effektiw meýilnamalary berjaý edip gelerkä, Türkmenistan ine 2 gün öň bu meýillanamany tassyklady. 22-nji dekabr 2017-de, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň üç tapgyrda amala aşyryljak konsepsiýasyny hödürledi.
Ilkinji tapgyrda, 2018-nji ýylda daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýetiniň we usulyýet üpjünçiliginiň halkara tejribesini öwreniler we daşary ýurt dillerini okatmagyň döwlet standartlaryny, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdiriler.
Ikinji tapgyrda, 2019-2020-nji ýyllarda daşary ýurt dilleri boýunça mugallymçylyk işgärlerini taýýarlamagy we gaýtadan taýýarlamagy kämilleşdiriler, jemgyýetiň ösýän zerurlyklaryna laýyklykda daşary ýurt dillerini öwretmegiň okuw usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrylar, şeýle hem Konsepsiýanyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi üpjün etmek maksady bilen gözegçiligi geçiriler.
Üçünji tapgyrda, 2021-2024-nji ýyllarda daşary ýurt dillerini okatmagyň üznüksiz, yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamyny kemala getiriler.
Ýatladýarys, geçen ýyl dil ugurlary boýunça Türkmenistanyň iň saýlanan uniwersitet Halkara Türkmen-Türk Uniwersiteti ýapyldy. 1 hepde öň hem Türkmenistandaky ykdysady krizis sebäpli student talyplaryň stipendiýalarynyň ýatyryljakdygyny, talyplara bu barada "Men öz alýan talyp hakymdan ýüz öwürýärin. Sebäbi meniň talyp hakyna mätäçligim ýok" arza ýazdyrýarlar diýip habarlar çykdy. Bilime maýa goýmasaň, döwlet ösmez.

https://gyzgyn.e-dostluk.com/98/turkmenistanda-talyplaryn-stipendiyalary-togtadylyar

Bu Entryni Paýlaş!

...