Saragt Babaýew

0 ses
67
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 02.01.2018 05:35 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#112)
Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanynydaky ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Saragt Babaýewe Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen dereje berildi.
S.Babaýew bu derejä “Türkmenistanyň garaşsyzlygyny berkitmäge, milli däpleri we dessurlary ösdürmäge, halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga, ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmäge goşan uly goşandy, şeýle-de nusgalyk durmuş göreldesi” üçin mynasyp boldy.
Bilişiňiz ýaly, heýkeltaraş Saragt Babaýew Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa dikilen ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk ýadygarligiň awtory bolup durýar.
Mundanam başga, Babaýew Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň baş korpusynda 2016-njy ýylyň martynda ozalky studentiň we student gyzyň heýkeliniň ýerinde oturdylan täze heýkelleri döretdi.
2017-nji ýylyň aprelinde “Hormatly il ýaşulusy” diýen dereje Wladimir Žirinowskä berlipdi.

Bu Entryni Paýlaş!

...