Dollaryň “gara bazar” kursy resmi kursdan eýýäm üç esseden gowrak gymmatlady

0 ses
132
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 15 Ýanwar 2018 12:23 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#113)
Aşgabatda ABŞ-nyň dollarynyň “gara bazar” kursy 11,0-11,3 manada çenli ýokarlandy.

Amerikan walýutasy soňky gezek 2017-nji ýylyň dekabrynda rekord derejede gymmatlady, şonda “gara bazarda” 1 ABŞ dollaryny 10,4 manada satyn alyp bolýardy. Dollaryň resmi kursy ozalkylary ýaly, $1 – 3,5 manat bolmagynda galýar.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” redaksiýasyna daşary ýurtlarda dowam edýän pul nagtlaşdyrmak kynçylyklary barada maglumatlar gelip gowuşýar. Belki-de şu faktyň özi hem dollaryň kursunyň ýokarlanmagyna sebäp bolandyr.

Gelýän maglumatlardan (hat awtoryň ýazyşy ýaly getirilýär):

“Täze ýyldan studentlere $1000 iberip boljagyny wada berdiler, emma fakt boýunça hiç zat we biz öz kartymyzdaky pullary hem kynlyk bilen çekýäris”.

“Näme üçin biz öz gazanan pullarymyzy çekip bilmeýäris, hökümet bolsa bu barada dymýar? Siz we siziň guramaňyz hökümet bilen bu barada hiç hili gürleşip bilmeýärmi? Olar näme üçin halky beýle köseýärler?”

“Tapgyr birnäçe gün bäri pul çekip bolmaýar, ýogsa bankda günde 50 dollardan çekip bolýar diýýärler. Eger puluňy bir gün alyp bolsa, indiki gezek diňe birnäçe günden alyp bolýar, galan wagtlar baglanýar. nagt däl pul meselesinde hem şol bir problema”.

“Iki hepdede 150$ nagt pul çekdim. Bankomatyň başynda her gün durdyk, emma şondan soň bolmady. 3 gezek $50-den pul çekdik. Magazinde diňe bir gezek 80 dollarlyk hasaplaşyk geçirip bildik”.

“Meniň pul geçirmek meseläm örän ýiti dur. Näme üçin men garyndaş däl adamlara pul geçirip bilmeýärin? Näme üçin şol bir meňzeş familiýa bolmaly? Mesele şunda, meniň enem keselledi, men onuň bejergisi üçin pul geçirip bilmeýärin (ol häzir reanimasiýada). Men onuň jorasyna pul geçirjek bolýaryn, emma enemiň jorasy maňa banka barandygyny, emma özüne hiç hili pul alyp bilmejegini aýdandyklaryny gürrüň berdi. Bu nähili eden-etdilik? Ahyrynda men aeroporta gidip, Aşgabada gidýän adamlardan eneme pul eltmeklerini soramaga mejbur boldum”.

ÇEŞME: TÜRTKMENİSTANYN HRONİKASY

Bu Entryni Paýlaş!

...