Aziadadaky birnäçe türkmen sportsmenleri doping ulanandygy üçin medallary alynyp tussag edildi

0 ses
101
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 29 Ýanwar 2018 22:25 (#116)
Aziadada çykyş eden türkmen sportsmenleriniň birnäçesiniň, doping ulanandygy üçin, ýaryşda gazanan netijeleri ýatyrylyp, medallary alnyp, käbirlerine hatda uzak ýyl türme tussaglygy berildi diýen gürreňler barha artýar.
Alynan maglumatlaryna görä, dopinge garşy garaşsyz komitetiň geçiren barlagy netijesinde, göreş boýunça bäsleşen türkmen pälwanlarynyň azyndan dördüsinden gadagan edilen kuwwatlandyryjy, ýagny doping tapyldy diýilýär. Ylaýta-da milli guşak göreşi boýunça  pälwan – Aly Allaberdiýewyň 12 ýyllygyna türme basylandygy aýdylýar.
Aly Allaberdiýew 1991-nji ýylda Balkanyň Serdar şäherinde doglan, tanyşlarynyň biriniň sözlerine görä, ol häkimiýetler tarapyndan edilýän basyşlar esasynda şikesli eli bilen göreşmäge mejbur edildi we şu sebäpden gadagan serişdeleri ulanmaga mejbur galan bolup biler.
“Aly ozalam halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärdi. Onuň taýýarlygy gowudy. Ýöne ol Oýunlar mahalynda, häkimiýetleriň eden basyşyna, agyr türgenleşiklere we dürli köpçülikleýin çärelere psihiki taýdan çydamady. Ýaryşyň dowamynda Alynyň çep eline şikes ýetse-de, ony göreşmäge mejbur etdiler. Onuň çydaman, doping ulanan bolmagy mümkin” diýip, sportsmeniň tanyşlarynyň biri aýtdýar.
Ýöne bu maglumatlar (türkmen sportsmenleriniň doping ulanadygy) resmi çeşmelerden heniz tassyklanylmady.
Ýadyňyza düşýän bolsa, 24-nji ýanwar 2018-de Türkmenistanda Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy hem wezipesinden boşadylypdy.
Türkmenistanyň prezidenti 25-nji ýanwarda 2018-däki karary bilen Türkmenistanda Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Toýly Kömekow başga işe geçmegi sebäpli wezipesinden boşadyp, bu komiteti ýatyryp, onuň bazasynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrligini döretmek baradaky karara gol çekdi. Täze döredilen ministrlige Daýanç Gulgeldiýew ýolbaşçy bellendi. Döredilen täze edara esasy maksatnamasy ýurdyň sport pudagyny düýpli özgertmek, türkmen sportynyň dünýädäki abraýyny ýokary galdyrmak we türkmen ýaşlaryny sporta has giňden çekmek.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

Bu Entryni Paýlaş!

...