Türkmenistanda žurnalistika instituty döredilýär

+1 ses
29
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 28 Ýanwar 2018 03:52 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#119)
Ýurtda bolup geçýän oňyn özgerişleri beýan etmek üçin Türkmenistanda žurnalistika instituty dörediler, bu sözleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy ýanwarda geçiren hökümet maslahatynda aýtdy.
“Türkmenistanda köpsanly dürli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hereket edýär. Olar eýeçiliginiň görnüşi, alyp barýan iş ugry, maglumatlary bermegiň usuly boýunça bir-birinden tapawutlanýar. Elbetde, olaryň ählisi üçin hem ýokary derejeli hünärmenler zerur bolup durýar. Emma, gynansak-da, häzire çenli ýurdumyzda bu giň gerimli wezipeleri ýokary derejede merkezleşdirip çözýän, degişli binýady bolan ýokary okuw mekdebi ýok. Şoňa görä-de, belki, žurnalistika we köpçülikleýin kommunikasiýalar institutyny döretsek, maksadalaýyk bolar” – diýip, TDH döwlet habar gullugy prezidentiň sözlerini sitirleýär.
Bu mesele bilen medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça täze bellenen wise-premýer Bahargül Abdyýewa meşgullanar. Ol ozal Ministrler kabinetiniň medeniýet bölüminiň müdiri bolup işledi.
Belleýäris, Türkmenistanda gazet-žurnallaryň aglabasy, şeýle-de tele-radio kanallary döwlete degişli. Şol bir wagtda Gurbanguly Berdimuhamedow telegepleşikleriň hilinden köplenç nägile bolýar, “mediada ýurtda gazanylýan üstünlikleriň we sepgitleriň ýeterlik beýan edilmezligine” gaharlanýar. Prezident 9-njy dekabrda geçiren hökümet maslahatynda bu ugurda degişli gepleşikleri taýýarlamagy tabşyrdy.
2018-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda “Tele-radio gepleşikleri hakynda kanun” kabul edildi we ol kanun ýurtda gazanylan üstünlikleriň beýan edilişine ýardam bermeli.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

Bu Entryni Paýlaş!

...