Türkmenistandaky ralli, weloýaryş we ylgaw bäsleşigi 26-njy fewralda başlanar

0 ses
63
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 27 Ýanwar 2018 04:05 (#120)
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji ýanwarda “Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryny geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek baradaky karara gol çekdi.
Karar esasynda Sport baradaky döwlet komitetine degişli ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde, “Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryny geçirmegiň tertibini bir aý möhletde işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.
26-njy fewralda Türkmenistanda birbada üç sany sport ýaryşy:  “Amul-Hazar 2018” halkara awtoralli, weloýaryş we ýeňil atletikaçylaryň bäsleşigi başlanar.
Ralli we ýeňil atletikaçylaryň ýaryşy 15-nji sentýabrda, Türkmenbaşy şäherinde tamam bolar diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.
Belleýäris, bu çärelere görülýän taýýarlyklar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut öz gözegçiliginde saklanylýar, ol golaýda ýaryş geçirmegiň estafeta taýagynyň nusgalaryny hem tassyklady.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

Bu Entryni Paýlaş!

...