Türkmenistanyň goşuny kuwwaty boýunça Merkezi Aziýada üçünji orunda durýar

0 ses
129
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 07.01.2018 04:20 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#121)
Globalfirepower reýtingleri (derejeleri) çap etdi we oňa laýyklykda Özbegistanyň goşuny Merkezi Aziýada iň güýçli diýlip ykrar edildi (dünýä derejesinde 48-nji orunda), onuň yzyndan Gazagystan gelýär (53-nji orun) we regionda öňdäki üçlügiň soňuny Türkmenistan – reýtingdäki 84 orun bilen jemleýär.
Türkmenistandan soň reýtingde Gyrgyzystan (109) we Täjigistan (112) gelýär diýip, StanRadar (http://www.stanradar.com/news/full/24888-armija-uzbekistana-priznana-samoj-silnoj-v-tsentralnoj-azii.html) habar berýär.
GDA ýurtlarynyň arasynda Özbegistan Russiýadan we Ukrainadan (30-njy orun) yzda durýar.
Goşunlaryň reýtinginiň öňüni ABŞ, Russiýa, Hytaý, Hindistan we Fransiýa çekýär. Şeýle-de, harby döwletleriň onlugyna Angliýa, Ýaponiýa, Türkiýe, Germaniýa we Italiýa girýär.
Reýting düzülende goşundaky esgerleriň sany, harby tehnikalaryň möçberi we gury ýerde, howada hem deňizde söweş alyp barmak ukyby, jemi 50 töweregi faktor hasaba alynýar. Şol bir wagtda ýurtlaryň ýaraglanyşyga harçlap bilýän ykdysady serişdeleri, reýtinge gatnaşýanlary geografiki ýerleşişi nazara alyndy.
...