Daşoguz welaýatyndaky döwlet dükanlarynda un we çörek satmaklyga çäklendirme girizildi

0 ses
25
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 24 Fewral 2018 05:44 (#124)
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda (ozalky Telman raýony) ýerli şertlerde öndürilen unuň satylmagyna çäklendirme girizilmegi sebäpli çöregiň we unuň ýiti ýetmezçiligi dowam edýär. Söwda ministrliginiň dükanlarynda uny bir ele 5 kilogramdan satýarlar. 1 kg un 0,90 manada durýar.
Undan başga, çörek söwdasyna hem çäklendirme girizildi. Bir adama 4 bölekden kän çörek satmaýarlar. Çörek bişirilýän kärhanalaryň öňünde 30-40 adamly nobatlar döreýär.
Dükanlaryň öňünde uzyn nobatlar döreýär we köplenç nobat üstünde dawa-jenjel turýar.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy
...