Daşoguzda Dollar Gara Bazarçylary (Walýutçikleri) awlanýar.

0 ses
42
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 16.02.2018 03:57 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#125)
“Gara bazarda” dollaryň kursy birden aşak gaçdy. Eger 10-njy fewralda bir dollaryň bahasy 14-15 manada ýeten bolsa, häzir dollar 10 manada golaý bahadan satylýar.
14-nji fewral güni irden MHM-niň we Daşoguz polisiýasynyň işgärleri şäheriň merkezi bazary “Baý bazarda” walýutaçylary tutmak boýunça reýd geçirdiler. Alynan maglumatlara görä, reýd netijesinde bikanun walýuta operasiýasyny geçirýän adamlaryň azyndan 6-sy tutuldy.
Gizlenmäge ýetişen walýuta söwdagärleri başga bazarlarda ýerleşdiler ýa-da, diňe ynamdar adamlar bilen işleşip, öýlerinde söwda edýärler.
Walýutaçylaryň arasynda banklar bilen ilteşikli adamlar hem bar. Olara tutha-tutlugyň üç günläp dowam etjekdigini duýdurdylar we öýlerinden çykmazlygy maslahat berdiler.
Reýdler netijesinde dollaryň bahasy  9,60-dan 10,40 manada galdy.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy
...