Türkmenistanyň Istanbuldaky Konsoloslygynda dokument almak prosedurasynda gereksiz kynçylyklar

0 ses
52
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Umumy Maglumat | 27.02.2018 16:05 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#127)
Türkmenistanyň Istanbuldaky konsoloslygy elmydama doly bolýar. Dokument işlerini sazlamana gelen Türkmen raýatlary köp, nobatlar uzyn. Bir gün ýakyn dostumyň Merdanyň hem ýoly düşdi konsoloslyga. Şondan alan maglumatlara görä, ýekeje bir dokument üçin (Türkmenistandaky ýaşaýyş salgysyny görkezýän dokument) bir uzyn çylşyrymly prosedura goýupdyrlar. Konsoloslygymyz barada birnäçe madda sanap geçeýin.
Birinjisi, bilýärsiňiz konsoloslygy Istanbulyň çet ýerinde Istanbulyň Ýewropa ýakasyndaky Ýeşilköýde ýerleşýär.Bilişiňiz ýaly, 3 döwletten başga ähli döwletleriň Istanbuldaky konsoloslygy Beşitaşda ýerleşýär. Munuň birinjil sebäbi Beşiktaş etrabynda Istanbulyň iň merkezi we turistik ýeri hasaplanylýar we bu etraba transportyň ähli mümkinçilikleri elýeterlidir. Türkmenistan bilen deňeşdirmek üçin Beşiktaş etrabynda konsoloslygy bolan käbir döwletleri azgap geçmeýin. Meselem: Gyrgyzystan, Özbegistan, Hindistan, we Rossiýanyň konsoloslyklary Beşiktaş Taksimde (Beyogly) merkezi ýerde, transport mümkinçiligi köp. Azerbaýjan konsoloslygy Beşiktaş Ortaköyde, Yrak döwletiniň Istanbuldaky konsoloslygy Beşiktaş Gayrettepede we Iran Yslam döwletiniň Istanbuldaky konsoloslygy Eminönü Sultanahmemtde ýerleşýär. Bularyň hemmesine transportyň ähli dürlisi (awtobus, metro, metrobus, minibus) elýeterlidir. Geleliň 3 döwlet. Biri Amerika, Sariýer Maslak etrabynda ýerleşýär. Şäherden çet ýerde ýerleşmegi Amerikanyň özleri talap edip, ýörite goranyşly binada ýerleşýär. Beýleki iki döwlet bolsa Türkmenistan we Gazagystan. Ikisi hem Istanbulyň çet ýerinde Ýeşilköýde ýerleşýär. Bu ýere gidip gelmek gaty kyn. Transportyň diňeje awtobus görnüşi bar, ol hem gaty seýrek.
Ikinjisi, konsoloslygymyz dineje hepdäniň 4 güni sagat 9:00-12:30 arasy işleýär. Şonuň üçin bir dokumenti talap etmek käte 2-3 gün käte 1 hepde wagt alýar. Diňeje dokumenti talap etmek üçin konsoloslykda bir arza ýazyp we Türkmenistan konsoloslygyň bank hasabyna 9 Amerikan dollary goýup dekontyny almaly. Ony hem diňeje Türkmenistanyň işleşýän Deňiz bankyna hususy gidip goýmaly. Onlaýn internetden etmek bolanok. Biziň Merdan hem bolýa, etmeli bolsa ederis diýip birinji gezek gelen duran Ýeşilköý etrabynda deňizbanky gözleýär. Bu etrapda 3 deňiz bank bar eken. Olaryň hem diňeje birine gidip Türkmenistan konsoloslygyn hasabyna pul goýup bolýar, beýleki iki bank şahançasynda muny edip bolanok.
Üçünjisi, talap edilen dokument 1 aýdan ir taýýar bolmaýar. Taýýar bolansoň konsoloslyk işgärleri Merdana jan edip dokumendiň taýýar gelip al diýýär. Merdan dokumenti almana baranda almak üçin bir arza ýazmaly we ýene dokumentiň terjimesi üçin Deňiz banka gidip konsoloslygyň hasabyna 19 Amerikan dollary goýmalydygyny diýýärler. Ony berjaý edip gelensoň, konsoloslyk işgärleri, indi sagat 5-6 arasynda gelip dokumenti alyp bilersiň diýýärler. Merdan Istanbulyň Aziýa ýakasyndan gelendigini sagat 11, sagat 5-6-a çenli näme edeýin diýýär. Olar garaşyp oturyp bilersiň, sen hä Istanbuldan gelýän, anha beýleki oturanlaryň arasynda Bursa we Izmirden gelip garaşyp oturanlar bar diýýär. Ynha ýagdaý.
Dördünjisi, konsoloslykda bary ýogy 2 işgär işleýär işleriň köplügine we nobatdaky garaşýanlara garamazdan gat haýal işleýärler.
Ynha Merdan iň soňunda Türkmenistandaky ýaşaýyş salgysyny görkezýän (ikamet adresi) dokumenti şeýdip 42 günde aldy. Türk raýatlary bolsa şu we mundan başgada beýleki köp sanly resmi dokumentleri öýlerinde oturan ýerlerinden internet arkaly E-Dewlet diýlen sistemdan 1 minutyň içinde alyp bilýärler.
...