Türkmenistanda 8-nji mart Halkara aýal-gyzlar gününi bellenildi, aýal-gyzlara 40 manat (4$) berildi

0 ses
75
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 08.03.2018 22:22 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#129)
8-nji martda Türkmenistanda Halkara aýal-gyzlar gününi bellenilip geçildi. Bütin ýurt boýunça konsertler we köpçülikleýin gezelençler gurnaldy. 8 we ondan köp çaga dogran eneleriň onlarçasyna “Ene mähri” diýen hormatly at berildi.
Türkmen aýal-gyzlary 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken buýrugyna laýyklykda, aýal-gyzlara Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan Halkara ayal-gyzlar güni mynasybetli 40 (5$) manat möçberde pul sowgatlary gowşuryldy.
“Pul sowgatlary ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara berildi” diýip Türkmenistanyň resmi habar pudagy bildirdi.
Geçen ýylyň 8-nji martynda (2017) hem aýal-gyzlara 40 manat sowgat berilipdi. Munuň ýany bilen, prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýal-gyzlara öz täze aýdymlaryny sowat etmegi wada berdi.
...