Türkiýede üç türkmen studenti neşe öndürmekde tussag edildi

0 ses
44
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 15 Mart 2018 15:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#130)
Türkiýäniň media serişdelerinde üç türkmen studentiniň bir gazak studenti bilen neşe öndürmekden we satmakdan güman edilip saklanandygy barada berlen habar halk köpçüliginde uly seslenme döretdi. Türkiýäniň "Milliýet" gazetiniň ýazmagyna görä, Konýa şäherinde neşä garşy göreş toparynyň bir jaýda gurnan operasiýasynda üç Türkmenistanly we bir sany hem Gazagystanly student göz astyna alyndy. Şübhelileriň eginbaş saklanýan ýerde gizlinlikde neşe ösdürip ýetişdirip, soň hem onuň söwdasy bilen meşgullanandygy anyklanypdyr. Türkiýäniň "haberler.com" neşiri hem habarynda, Konýa polisiniň neşä garşy göreş bölüminiň işgärleriniň şäher merkezine degişli Selçuklu etrabynda studentleriň aglaba köpçülikde ýaşaýan Bosna-Herksek mähellesindäki bir öýde neşe söwdasynyň gurnalýandygy barasynda maglumat edinendigini ýazýar.

Bu Entryni Paýlaş!

...