ABŞ türkmen pagtasynyň importyny gadagan etdi

0 ses
17
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 28.05.2018 12:41 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#133)
ABŞ Türkmenistanda öndürilen pagta we bu ýurduň pagtasyndan taýýarlanan önümleriň ähli görnüşiniň ýurda import edilmegine gadagançylyk girizdi. Sebäbi bolsa pagta önümlerinde çaga we mejbury zähmetiň ulanylmagy diýlip gözkezildi.
Adam hukuklaryny goraýan birnäçe guramalardan emele gelen “Cotton Campaign” bileleşigi ABŞ-nyň türkmen pagtasy baradaky kararyny gutlady.
Türkmenistan ýaly ýurtlarda gowaça meýdanlarynda çagalaryň, mugallymlaryň, saglyk işgärleriniň we beýlekileriň mejbury işledilmegi ýaly faktlara halkara derejesinde iş alyp barýan hukukçy aktiwistler, şol sanda “Cotton Campaign” hem ullakan alada bildirip gelýärler.
Mundan owal, dünýäniň belli, şol sanda H&M, IKEA ýaly söwda markalary hem, mejbury zähmetiň ulanylýandygy sebäpli, türkmen pagtasyndan ýüz öwrüpdiler.
ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy
...