Türkmenistanda dollaryň kursy 22 manada ýetdi

+1 ses
56
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 28.05.2018 12:57 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#134)
ABŞ-nyň pul politikalaryna prosentleri götermek bilen berk kemer urmagy bütin dünýäde dollaryň walýutasyny gymmatlatdy. Munuň netijesi Türkmenistandan has hem çuňdan duýuldy. Bilşiňiz ýaly Türkmenistanyň Merkez Banky dollar-manat walýutasyny döwlet kursy boýunça $1=3.5manat edip berkidipdi. Ýöne garabazarda dollaryň walýutasy her geçen gün güýçlenýär. Şu wagt Türkmenistanda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy ýene rekord derejelere ýetip,  1 amerikan dollary Aşgabatda 22 manada, Daşoguzda 23 manada barabar boldy.
Bu göz hatarynda önüm we harytlarda inflasiýa hem döretdi. Mysal üçin, 1,5 litrlik çüýşdedäki “Berzeňňi” suwy geçen hepde 1 manatdan 3,5-4 manada çenli gymmatlady. Nahar duzynyň bir gaby mundan bir aý owal 2 manat bolan bolsa, häzir 26 manatdan satylýar. Etiň 1 kilogramy 18 manatdan 23-25 manat aralygynda göterildi. Tüwiniň 1 kilogramy bahasy bolsa 12 manatdan 15 manada çykdy.
Türkmenistanda ykdysady krizisin netijelerini azaltmak üçin çaltrak ykdysady reformlar güýje girizilmeli. Daşary ýurt inwestorlaryny ýurdumyza çekmek üçin gerekli politikalar ýola goýulmaly. Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe we ykdysadyýet ministri Batyr Bazarowa berk käýinç berip, zähmet haklarynyň artdyrlmalydygyny ýatlatdy.

ÇEŞME: TM Hronika

Bu Entryni Paýlaş!

...