Real Madrid UEFA Çempionlar ligasynyň çempiony boldy

+1 ses
19
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Sport | 28.05.2018 13:22 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#136)
UEFA Çempionlar ligasynda Britaniýanyň Liwerpul komandasyny 3-1 hasabynda ýeňen Ispaniýanyň Real Madrid komandasy kubogyny duşuşykdan soň geçirilen dabarada aldy.
Ukrainanyň paýtagty Kiýewdäki Olmpiýa stadionynda geçirilen duşuşykda Liwerpuldan üstün çykyp yzly-yzyna 3-nji gezek, jemi bolsa 13-nji geçek UEFA Çempionlar ligasynyň çempiony bolan Real Madridiň janköýerleri duşuşkdan soň uly şüweleň geçirdiler.
Duşuşykda geçiren 2 goly bilen komandasynyň çempion bolmagyna uly kömek eden Real Madridiň Uelsli futbolçysy Garet Beýl duşuşygyň iň gowy futbolçysy hökmünde saýlandy.
Kubok almak dabarasyndan soň Real Madridiň futbolçylary "We are the champions" aýdymyny janköýerleri bilen ýerine ýetirdiler.
Real Madridiň baş tälimçisi Zinedin Zidane bolsa futbol taryhyna adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy. Ol yzly-yzyna 3 gezek uefa çempionlar ligasy kubagyny alan ýeke täk tälimçi boldy.

Bu Entryni Paýlaş!

...