Dünýäniň iň meşhur türgeni kim?

0 ses
18
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Sport | 28 Maý 2018 13:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#137)
ABŞ-niň iň uly sport ýaýlym organy ESPN Dünýäniň iň meşhur türgenleriniň sanawyny çap etdi. Sanawyň ilkinji orunlarynda Ronaldo, LeBron we Messi bar.
Real Madridiň portugaliýaly futbolçysy Kriştianu Ronaldo sanawyň 1-nji orununa laýyk görüldi.
Şu ýyl 3-nji gezek çap edilen sanawda sosial mediada 121,7 million tarapdary bolan Ronaldo bu ugurda hem dünýädaki sportsmenleriň arasynda ilkinji orunda.
UEFA Çimpionlar ligasynda şu günki güne çenli 120 gol geçirip, bu ugurda hem 1-nji ýerde bolan 33 ýaşly Kriştianu Ronaldonyň sponsorlyk ylalaşyklarynyň gymmady takmynan 40 million dollar.
Sanawyň 2-nji ornunda Amerikan Basketbol ligasy NBA-nyň toparlaryndan Kleweland Kawaliersiň amerikaly ýyldyz basketbolçysy LeBron James bar.
Sosial mediada 40,8 million tarapdary bolan 33 ýaşly Jamesiň NBA-nyň iň gowy basketbolçysydygy bellendi.
Mundan başgada James 55 million dollarlyk sponsorlyk ylalaşyklary bilen bu ugurda dünýädäki türgenleriň arasynda ilkinji orundadygy habar berildi.
Sanawyň 3-nji ornuna Barselonanyň argentinaly futbolçysy Lionel Messi laýyk görüldi.
Beýanatda sosial mediada 88,1 million tarapdary bolan 30 ýaşly Messiniň sponsorlyk ylalaşyklarynyň gymmadynyň 25 million dollardygy mälim edildi.

ÇEŞME: TRT HABAR
...