Barselona toparynda ýene-de bir sahypa ýapyldy

0 ses
21
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Sport | 28.05.2018 13:33 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#138)
Ispaniýanyň La Liga çempionatynyň 2017-2018-nji möwsüminiň çempiony Barselona möwsümiň soňky hepdesinde Real Sosýedad komandasyny 1-0 hasabynda ýeňdi.
Barselona bilen soňky oýnuna çykan Andres Inýesta 12 ýaşynda gadam basan Katalon komandasy bilen şüweleňli ýagdaýda hoşlaşdy.
Barselonda ýene-de bir sahypa ýapyldy.
Kamp Nou stadionyndaky janköýerler soňky oýunyna çykan Inýesta bilen şüweleňli ýagdaýda hoşlaşdylar.
Duşuşykdan soň geçirilen dabarada bolsa ýyldyz futbolçy joşgunly pursatlar geçirdi.
Stadiondaky ägirt uly ekranda Barselona komandasy bilen başyndan geçiren ýatdan çykmajak pursatlar görkezilen mahaly 34 ýaşyndaky futbolçynyň gözünden ýaşlar akdy.
22 ýyl formasyny geýen Barselona bilen La Liganyň 9-njy gezek kubogyny alan Inýesta Kamp Nou bilen hoşlaşdy.

ÇEŞME: TRT HABAR

Bu Entryni Paýlaş!

...