Magtymguly Pyragy - Bady sebani görsem

0 ses
28
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Edebiýat | 06.06.2018 17:36 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#146)
Dehistanyň baýrynda
Bady-sabany görsem.
Bahaweddin Mirkulal,
Zeňňi Babany görsem.

Nagleýni arşa täçdir,
Ady äleme paçdyr,
İki jahan mätäçdir,
Arap zybany görsem.

Gelen geçer çaşt edip,
Eglenmez güzeşt edip,
Köňül aýdar keşt edip,
Älem-jahany görsem.

Hezyr kimin çöllerde,
Ylýas kimin köllerde,
Kowus kimin daglarda,
Ýagşy-ýamany görsem.

Ýokarda Hindistany,
Arkada Türküstany,
Öwlüýäler ummany
Ol Rumystany görsem.

Jan pany, jahab şeýda,
Mundan hiç ýokdur peýda,
Ýedi dag, ýedi derýa,
Däli dünýäni görsem.

Magtymguly hoş bolsa,
Aksa didäm, ýaş bolsa,
Imanym ýoldaş bolsa,
Barsam, Käbäni görsem.
...