Magtymguly Pyragy - Nowruzdan Seni

0 ses
42
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Edebiýat | 6 Iýun 2018 18:28 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#148)
Bolmady bizge nesibiň, istedim güýzden seni,
Diýdiň: “Ötsün gyş, tapar men täze nowruzdan seni”.
Saýladym, seçdim, sonam, bir bölejik gyzdan seni,
Neçün biliňni guçmadym men tapyp düzden seni,
İsterim hakdan, gowuşdyrgaý maňa tizden seni.

Hak katynda sözüm ötmez, men kibi awara ýok,
İl-gün rehm eýlemezler, men kibi biçäre ýok,
Ýüregim sed para tekdir, hiç tenimde ýara ýok,
Sen garyp sen, men pakyr men, sende, mende çäre ýok,
Söwdügim, takdyry-hakdyr aýyrgan bizden seni.

Söwdügim, sen günde bir gez ýadyňa salsaň meni,
Günde ýüz katla tilär men ýardan-hakdan seni,
Başky gün sen oda saldyň men parahat bendäni,
Hak götersin aradan, şaýed, rakyp-şermendäni,
Kyl buhl bizden ýaňa ynjytsalar sözden seni.

Bagyňa girsem säher, bilbil bolup salsam oýun,
Gaflata, galsa rakyp, bir dem salyşsak gol boýun,
Hakdan özge çäre ýokdur, ne kylaý men, neýleýin,
İnçe bil, şirin zyban, kepder topuk sen, gaz boýun,
Saklasyn taňry penahynda ýaman gözden seni.

Haýryňy duşman görer, dostuň çeker jebri-jepaň,
Ýara, dildarlyk bolarmy sürmeýin zowky sapaň,
Salsalar mizana, Balkan dagy bolmazdyr päheň,
Aýdadyr Magtymguly ähdiň ýalan, ýokdur wepaň,
Biwepalar hup sowutmyşlar, sonam, bizden seni.
...