Türkmenistandaky orta mekdepler bilim bar my?

+1 ses
87
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Ylym Bilim | 15.06.2018 07:14 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#153)
Türkmenistan 1991-de Garaşsyzlygyny alandan soň köptaraplaýyn ösüş başlandy we ylym bilim pudaklarynda hem özgerişler boldy. Ilki bilen Aşgabatda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazow we Türkiýäniň öňki prezidenti öz adyny göterýän Turgut Özal Türkmen-Türk mekdebini dabaraly açdylar. Soň bat-bada beýleki welaýatlarda hem Türkmen-Türk mekdepleri açylyp başlanypdy. Bu ýörite mekdepler Türkmenistandaky beýleki orta mekdeplere görä ylym we bilim taraplaýyn gaty öňe saýlanyp çykypdy. Dünýä bilim olimpiýatlaryna Türkmenistanyň adynda çykyş edýän talyplaryň ählisi Türkmen-Türk mekdeplerindendi. Bu olimpiýatlarda olar ençeme baýrak we medallar alyp Türkmenistanyň adyny beýgeltdiler. Bu mekdeplerde okan we okaýan talyplar köplenç ýiti zehinli, arassa ahlakly, birnäçe dil gepleýän talyplar bolup ýetişýärdi. Mekdebi tamamlanlar daşary ýurtlardaky dünýä belli uniwersitetlere ýokary bilim almana gidýärdiler. Hat-da Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda her ýyl Türkiýäniň uniwersitetlerinde stipendiýaly ýokary bilim almak üçin TJS diýlen saýlaw synagy gurnalýardy. Türkmenistan we Türkiýe döwletleri TJS synagynda öňe saýlanan 100 okuwça ähli-taraplaýyn goldaw we stipendiýalar berip Türkiýäniň iň gowy uniwersitetlerine ýerleşip bilim alýardylar. Her ýyl gurnalan synag netijelerinde 100 okuwçynyň 100-si hem Türkmen-Türk mekdeplerinden saýlanýardy. Türkmenistan hökümeti soňra muňa bir kesgit goýup, 50 okuwçy Türkmen-Türk mekdeplerine we 50 okuwçy beýleki mekdeplerden alynmaly diýlen karar çykardy. Bu karar bolmasa stipendiýaly okaýanlaryň hemmesi Türkmen-Türk uçurymlary bolup duruberjekdi, munuň öňüni aldylar. 2011 ýylynda bolsa Türkmenistanyň prezidentiniň buýrugy bilen bu Türkmen-Türk mekdepleri ýapyldy. Şu wagt Türkmenistanda Türkmen-Türk mekdepleri ýok, diňeje döwletiň orta mekdepleri, birnäçe Rus, Nemes we Amerikan mekdepleri bar.
Bu mekdeplerde bilim bar my? Türkmen ýaşlaryň bilim derejeleri nähili?
Türkmen-Türk mekdepleri ýapylandan soň Türkmenistanyň Dünýä bilim olimpiýatlarynda derejesi bar my? Türkmenistan näme eden bolsa özüne edýär. Ine şu wagtky mekdeplerde okuwçylaryň bilimi şu wideoda içinde. Linka basyp, wideo-a tomaşa ediň görüň!

WIDEO: http://votvideo.ru/v/5015345/LTc5MDU5NTg1XzE3MTIzMjgyNA/

1 Teswir

0 ses
Awtor: (Wasýok) | 16.06.2018 18:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#154)
türkmen türk mekdeplerinde hakyky bilim bardy. Türkmen yaşlarynda gaty köp potansiyal bar, köpüsi zehinli. Olara gowy bilim alma pursady berilse watanamyza peydaly yigit we gyzlar bolup yetişer.

Bu Entryni Paýlaş!

...