Stambulda ýogalan türkmenistanly Maral Klyçewa hossar gözlenýär

0 ses
50
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 23 Iýun 2018 21:24 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#157)
Sosial mediada türkmenistanly migrantlaryň ýaýradýan bildirişlerinde Stambulda ýogalan daşoguzly migrant zenana hossar gözlenýändigi habar berilýär we merhumyň Türkmenistanyň biometriki bolmaýan köne pasporty bilen türk keselhanasy tarapyndan berlen ölüm habarnamasy halk köpçüligine görkezilýär.
Stambulyň Medeniýet uniwersitetiniň Göztepe ylmy-barlag keselhanasy tarapyndan taýýarlanan ölüm habarnamasynda, Türkmenistanyň raýaty, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy we 1968-nji ýylda doglan Maral Kylyçewanyň 12-nji iýunda aradan çykandygy we Türkiýede kanuny ýagdaýynyň bolmandygy beýan edilýär.
Resminamada türkmen migrant zenanynyň ölüm sebäbiniň ýokanç kesel sebäpli bolmandygy üçin bedeniniň hem barlagdan geçirilmän, morga iberilendigi ýazylypdyr.
Türkiýedäki Türkmen habar gulluklary merhum türkmen migrant zenanynyň ykbaly bilen gyzyklanyp, Stambulyň Medeniýet uniwersitetiniň Göztepe ylmy-barlag keselhanasyndan maglumat almaga synanyşdy. Emma keselhananyň işgärleri telefonda merhumlar barada hiç kime jikme-jik maglumatyň berilmeýändigini, diňe hossarlary ýüz tutanda, olara şeýle maglumatyň berilýändigini aýtdylar.
Ýogalan daşoguzly zenanyň bir öýde bile ýaşan obadaşynyň aýtmagyna görä, merhum owal iki gezek damarlaryny açdyran ekeni.

MARAL KLYÇEWANYŇ Pasporty: http://i.hizliresim.com/lZrjll.jpg

Bu Entryni Paýlaş!

...