Berdimuhamedow Türkiýanyň Prezidenti Ärdogany saýlawlar mynasybetli tüýs ýürekden gutlady

0 ses
33
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 26 Iýun 2018 17:13 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#160)
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Rejep Taýyp Ärdogana Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli mähirli we doganlyk gutlaglaryny ýollady. Milli Liderimiziň gutlag hatynda belleýşi ýaly, doganlyk türk halkynyň saýlawy Rejep Taýyp Ärdoganyň ýurtda syýasy we durmuş durnuklylygyny, ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ýoluna ýokary ynamynyň we goldawynyň şaýady bolup durýar. “Siziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygyňyzda ýurduňyzyň has-da uly üstünlikleri gazanjakdygyna, şeýle hem halkara derejede öz abraýyny pugtalandyrjakdygyna ynanýaryn. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk hem-de özara hormat goýmagyň baý tejribesine esaslanýan mähirli we ynanyşykly gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine ynanýaryn” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, şeýle hem doganlyk Türkiýe Respublikasynyň öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Bu Entryni Paýlaş!

...