Gündogar Koreýa 2 - 0 Germaniýa. Nemesler 2018 Dünýä Çempiýonatyndan öýlerine dolanýar.

0 ses
31
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Sport | 28.06.2018 02:01 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#161)
Bu gün Rossiýada geçirilýän Dünýä Futbol Çempiýonatynda geň  wakalar boldy. F gruppasynda alty bala eýe bolan komanda Meksika üç bally Şwetsiýa bilen duşuşýarka, beýleki üç bally Germaniýa bilen nol bally Gündogar Koreýa duşuşdy. Ähtimallar oýlanylan-da,
1) Alty bally Meksika Şwetsiýa bilen deňeçere galsa F gruppasynda birinji ýere eýe bolup ýoluna dowam etjekdi. Beýleki tarapdan Germaniýa hem öz gezeginde Gündogar Koreýany ýeňse ol gruppadan ikinji bolup çykjak we ýoluna dowam etjekdi. Şwetsiýa üçünji we Şwetsiýa dördünji bolup Rossiýadan öýlerine dolanjakdy.
2) Meksika we Şwetsiýa deňeçere galsa, Germaniýa bolsa Gündogar Koreýa bilen deňeçere galsa, onda Germaniýa we Şwetsiýanyň uran-geçiren gol sanawy dykkat alynjakdy. Duşuşyklar oýnanmak bu iki komandanyň ikisi hem 2 gol urup 2 gol geçiripdi, ýagny 0 awerajy bardy. Kim köp gollary deňme-deň hasaby alsa şol komanda F gruppasynda ikinji bolup ýoluna dowam etjekdi.
3) Alty bally Meksika Şwetsiýany ýeňse ol F gruppasynda birinji ýere eýe bolup ýoluna dowam etjekdi. Beýleki tarapdan Germaniýa bilen Gündogar Koreýa oýuny deňme-deň ýa-da Germaniýanyň netijesine utuk hasap bilen tamamlansa, onda Germaniýa gruppadan ikinji bolup çykjak we ýoluna dowam etjekdi. Şwetsiýa üçünji we Şwetsiýa dördünji bolup Rossiýadan öýlerine dolanjakdy.
4) Meksiko we Şwetsiýa deňeçere, Germaniýa bolsa Gündogar Koreaýa utulsa, onda Meksika birinji we Şwetsiýa ikinji bolup ýoluna dowam etjekdi.
5) Şwetsiýa Meksikany ýeňse, Germaniýa hem Gündogar Koreýany ýeňse onda bu ýagdaýda üç komandanyň (Şwetsiýa, Meksika, Germaniýa) hem 6 baly boljakdy we olaryň uran-geçiren gol sanawyna serediljekdi.
6) Şwetsiýa Meksikany ýeňse, Germaniýa hem Gündogar Koreýa bilen deňeçere galsa ýa-da utulsa onda, F gruppasyndan Şwetsiýa we Meksiko ýollaryna dowam etjek, Germaniýa we Gündogar Koreýa bolsa öýlerine dolanjakdy. Hem Şwetsiýa hem Meksiko 6 bala eýe bolup, olaryň uran-geçiren gol sanawyna seredip biri birinji beýlekisi ikinji orna ýerleşjekdi.

Ähtimallaryň kyn bolany ýerine geldi Şwetsiýa Meksikany ýeňdi, welin aňsat bolany puç boldy Germaniýa Gündoga Koreýa utuldy. Şwetsiýa Meksikany Ludwig Augustinsson, Andreas Granqist we Edson Alvareziň awtogoly bilen 3-0 ýeňdi we baly dokuza çykardy. Meksiko bolsa 6 baly bilen galdy we uran-geçiren gol sanawynda minus 1-e düşdi. Gündogar Koreýa bolsa goşmaça minutlada 91-de Kim Young-Gwon we 94-de Son Heung-Min gollary bilen soňky çempiýon Germaniýany 2-0 ýeňdi. Şeýlelik bilen Germaniýa F gruppasynda soňky ýere eýe bolup Rossiýadan öýlerine dolandy. Germaniýa 1938 Dünýä Çempiýonatyndan bäri birinji gezek gruppadan çykyp bilmän

F GRUPPA:
Germaniýa 0 -1 Meksika [GOL: Meksika - Hirwing Lozano]
Şwetsiýa 1 - 0 G. Koreýa [GOL: Şwetsiýa - Andreas Grankwist]
G. Koreýa 0 - 1 Meksika [GOL: Meksika - Karlos Wela]
Germaniýa 2 - 1 Şwetsiýa [GOL: Germaniýa - Marco Reus, Toni Kroos; Şwetsiýa - Ola Toivonen]
G. Koreýa 2 - 0 Germaniýa [GOL: G. Koreýa - Kim Young-Gwon, Son Heung-Min]
Meksika 0 - 3 Şwetsiýa [GOL: Şwetsiýa - Ludwig Augustinsson, Andreas Granqist, (aw) Edson Alvarez]

F GRUPPASY BAL ÝAGDAÝY:
1. Şwetsiýa - 6 Bal (5 uran - 2 geçiren gol)
2. Meksika - 6 Bal (3 uran - 4 geçiren gol)
3. G. Koreýa - 3 Bal (3 uran - 3 geçiren gol)
4. Germaniýa - 3 Bal (2 uran - 4 geçiren gol)

Ýatladýarys, 1998 Dünýä çempiýony tituly bilen 2002 Dünýä Çempiýonatyna gelen Fransiýa gruppasyndan çykyp bilmän öýüne dolanypdy. 2006 Dünýä çempiýony Italiýa hem 2010 dünýä çempiýonatynda gruppasyndan çykyp bilmändi. Iň soňky gezek bolsa 2010 Dünýä Çempiýony tituly bilen 2014 dünýa çempiýonatyna gatnaşan Ispaniýa hem edil şeýle ykbala sezewar boldy we gruppadan çykyp bilmän öýüne dolanypdy. Ine bu gün 2018 Dünýä çempiýonatynda soňky (2014) dünýä çempiýony Germaniýa hem gruppadan çykyp bilmän bu ýazgydy dowam etdirdi.

Bu Entryni Paýlaş!

...