2018 Dünýä Çempiýonatynda Ýaponiýa Fair-Plaý kadasy bilen ýoluna dowam etdi

0 ses
76
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Sport | 29.06.2018 21:40 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#162)
H Gruppasynda gaty täsin waka boldy. Kolumbiýa 6 bal bilen birinji ýere ornaşyp ýoluna dowam etdi. Gruppada ikinji orna bolsa iki komanda Ýaponiýa we Senegal ýerleşdi. Bu iki toparyň oýnan 3 oýun netijesinde jemlän ballary, gol awerajlary, uran we geçiren gollarynyň sanawlary hem dep-deň boldy. Bu iki topar özara oýnan oýny hem 2-2 deňme-deň hasap bilen netijelenipdi. Indi bärde sorag şu: haýsy topar ikinji orna ýerleşip ýoluna dowam eder? Ine muny bolsa futboldaky Fair-Plaý kadasy kesgitledi. Ýaponiýa Polşa duşuşygynyň ikinji ýarymynda 59-njy minutda Polşa Ýan Bednarek-iň uran goly bilen 1-0 öňe geçdi. Şol wagt beýleki oýunda Senegal Kolumbiýa 0-0 hasap bilen dowam edýärdi. Oýunlar şeýle netijense Kolumbiýa we Senegal gruppada birinji we ikinji bolup ýollaryna dowam etjekdi. Şonuň üçin Ýaponiýa gaty höjöm oýun oýnaýardy, welin 75-nji minutda Kolumbiýa Senegal garşysynda Ýerry Minanyň goly bilen 1-0 öňe geçendigi habary geldi. Şondan soň Ýaponiýa hüjüm oýuny bes edip öz ýarymçasynda özara paslaşyp wagty geçirdiler. Duşuşyklar şu ýagdaýda netijendi. Bu H gruppasy Senegal we Ýaponiýa 3 oýun oýnap tamamlady. Bu oýunlarda Senegal 6, Ýaponiýa bolsa 4 sary kartoçka alypdy. Şeýlelik bilen Ýaponiýa "Fair-Plaý" kadasy netijesinde ikinji orna ýerleşip 2018 Dünýä Çempiýonatynda ýoluna dowam etdi we Senegal bolsa öýüne dolanmaly boldy.

Bu Entryni Paýlaş!

...