2018 Dünýä Futbol Çempiýony Fransiýa boldy

+1 ses
55
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Sport | 15.07.2018 22:34 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#174)
Rossiýada geçirilýän 2018 Dünýä Futbol Çempiýonadynyň final oýuny Fransiýa we Horwatiýa arasynda ýaňyja oýnanyp tamamlandy we 4-2 hasap bilen Fransiýa Horwatiýany ýeňip 2018 Dünýä Futbol çempiýony boldy. Duşuşyk gaty gyzykly bolup geçdi. Heniz 18-nji minutda 25-26 meterden Antoine Griezmann tarapyndan ulanylan jerime urgusynda Horwatiýanyň hüjümçisi Mario Mandzukiç kellesi bilen ters urup öz derwezesine pökgini ugratdy we Fransiýa Horwatiýa garşysynda 1-0 öňe geçdi. 10 minut soňra duşuşygyň 28-nji minudynda Iwan Perisiç pökgini dürüst aýagy bilen urup Fransiýanyň derwezesine saldy we hasaby 1-1'e getirdi. Ýene 10 minut soňra duşuşygyň 28-nji minudynda gaty geň waka boldy. Pökgi jerime meýdançanyň içinde Iwan Perisiçiň eline degdi, ýöne duşuşygyň sudýasy we onuň ýardymçylary ony görmedi. Fransiýanyň oýunçylary muňa garşy çykandan soňra sudýa Wideo Referee guralyny amala aşyryp, bu pursady wideodan gaýtadan seýretdi. Wideodan iki gezek bu pursady seýreden sudýa zor hem bolsa Horwatiýanyň derwezesine 11 meter jerime urgusy bermegi makul bildi we pökginiň başyna geçen Antoine Griezmann pökgini we Horwatiýanyň derwezewany Subasiçi aýry aýry burçlary ugradyp hasaby 2-1'e getirdi. Şeýlelik bilen duşuşygyň birinji ýarymy 2-1 Fransiýanyň hasabyna tamamlandy.
Duşuşygyň ikinji ýarymyna Horwatiýa gaty üstün başlasa-da Fransiýa 59-njy minutda mega ýyldyzy Paul Poga we 65-nji minudynda bolsa ýaş ýyldyzy Kylian Mbappe bilen pökgini Horwatiýanyň derwezesine salyp hasaby 4-1'e beýgeltdiler. 4 minut soňra bolsa ýene bir geň waka boldy. Umtitiniň öz derwezewany Hugo Lorise pas berdi, Mario Mandzukiç hüjüm edip Lorisiň üstüne gitdi, Loris bolsa Mandzukiçe çalym salyp geçmek isledi welin Mandzukiç aldawa düşmän pökgini Lorisiň aýagyndan kakyp Fransiýanyň derwezesine ugratdy we hasaby 4-2'ä getirdi. Mundan soňra her iki komanda-da pres oýnap hasaby täzelemek islese-de ikisine hem bu başartmady we şeýlelik bilen Fransiýa Horwatiýany 4-2 hasap bilen ýeňip 1998-njy ýylda öý watanlarynda geçirilen dünýä çempiýonatynda soňra ikinji gezek 2018 Dünýä Çempiýonatynda kubogyň eýesi boldy. Ýadyňyza düşýän bolsa şol 1998-njy ýylda Fransiýada geçirilen dünýä çempiýonatynda hem Fransiýa bilen Horwatiýa çeýrek final tapgyrynda duşuşypdy we şol duşuşykda hem Fransiýa 2-1 hasap bilen Horwatiýany ýeňipdi (gollar: Lilian Thuram (2), Dawor Şuker). 2006-njy ýyldaky dünýä çempiýonatynda hem Fransiýa finala çykypdy ýöne Italiýanlar bilen 120 minutda 1-1 deňeçere galyp penalti jerime urgularynda 5-3 hasap bilen ýeňilipdi we Italiýa dünýä çempiýony boldup. Ýadyňyza düşýän bolsa şol duşuşykda Fransiýanyň ýarym goragçysy we plaýmakeri Zinedin Zidan Italiýanyň goragçysy Marko Materazziniň göwsüne kelle urup gyzyl kartoçka bilen jezalandyrylyp oýundan çykarylypdy.

Fransiýa 4 - 2 Horwatiýa
[GOL: Fransiýa - Mario Mandzukiç (aw), Antoine Griezmann, Paul Pogba, Kylian Mbappe]
[GOL: Horwatiýa - Iwan Perisiç, Mario Mandzukiç]


ŞU WAGTA ÇENLI GEÇIRILEN DÜNÝÄ FUTBOL ÇEMPIÝONATYNDA KUBOGYP EÝESI BOLAN DÖWLETLER:

2018 - Fransiýa  (Trener: Didier Deschamp)
2014 - Germaniýa (Trener: Joachim Löw)
2010 - Ispaniýa (Trener: Wicente del Bosque)
2006 - Italiýa    (Trener: Marcello Lippi)
2002 - Braziliýa  (Trener: Luiz Felipe Scolari)
1998 - Fransiýa  (Trener: Aimé Jacquet)
1994 - Braziliýa  (Trener: Carlos Alberto Parreira)
1990 - Germaniýa (Trener: Franz Beckenbauer)
1986 - Argentina (Trener: Carlos Bilardo)
1982 - Italiýa (Trener: Enzo Bearzot)
1978 - Argentina (Trener: César Luis Menotti)
1974 - Germaniýa (Trener: Helmut Schön)
1970 - Braziliýa  (Trener: Mario Zagallo)
1966 - İngiltere (Trener: Alf Ramsey)
1962 - Braziliýa  (Trener: Aymoré Moreira)
1958 - Braziliýa  (Trener: Wicente Feola)
1954 - Germaniýa (Trener: Sepp Herberger)
1950 - Urugwaý (Trener: Juan López)
1938 - Italiýa (Trener: Vittorio Pozzo)
1934 - Italiýa (Trener: Vittorio Pozzo)
1930 - Urugwaý (Trener: Alberto Suppici)
...