Kristiano Ronaldo 112 million ýewra Ýuwentusa transfer boldy

0 ses
31
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Sport | 16.07.2018 01:12 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#175)
Dünýäniň super ýyldyzy, Real Madridiň portugaliýaly futbolçysy Kristiano Ronaldo mundan soň, karýerasyny Italiýada dowam etdirer. UEFA Çempionlar ligasynyň iň netijeli oýunçysy Ronaldo mundan soň, bu ýaryşyň çäklerinde iň köp gol geçiren kluby “Ýuwentusyň” köýnekçesini geýer.
Super ýyldyz italýanlaryň iň uly kluby Ýuwentus bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Turinliler 33 ýaşly hüjümçi üçin 100 million ýewrony Real Madride, 12 million ýewrony-da oýunçynyň ilkinji kluby Sporting Lizbona berer. Real Madridde klubuň hem-de beýleki birnäçe halkara rekordlary täzelän super ýyldyz täze toparyndan her ýyly üçin 30 million ýewro hak alar.
Özüniň italýan toparyna geçmegi bilen baglanyşykly: — "Realda geçiren 9 ýylym meniň üçin ýatdan çykmajak ýyllardyr. Ähli janköýerlere minnetdarlyk bildirýärin. Ýöne aýrylmagyň wagty geldimikä diýýän. Başga kluba transfer bolmagy özüm isledim. Really janköýerlerden ötünç soraýaryn. Aýratynam, muşdaklarymdan maňa dogry düşünmeklerini haýyş edýärin. “Real Madrid” maňa we maşgalama hemişe uly goldaw berdi. Nirede bolsamam, haýsy köýnekçäni geýsemem, men hemişe özümi Santiago Bernabeuda ýaly duýaryn. Men bu klub bilen bilelikde taryhy başarnyklar gazandym. Toparyň ýolbaşçylaryna, janköýerlerine, topardaşlaryma, lukmanlaryma, umuman hemmä köp sagbolsun aýdýaryn" diýdi.
2009-njy ýylyň tomsunda 94 million ýewro Mançester Ýunaýtedden Real Madride transfer bolan Ronaldo şa klubunda diýseň ýokary netijeler görkezdi. Ol bu klubda oýnan 9 möwsüminde 4 gezek Çempionlar ligasynda, 2 gezek La Ligada, Ispaniýanyň Şa Kubogynda, UEFA Super Kubogynda, Ispaniýanyň Super Kubogynda hem-de 3 sapar FIFA Klublararasy Dünýä Kubogynda ýeňiji boldy. Real Madridiň iň köp gol geçiren oýunçysy bolan Ronaldo, La Ligada 292 oýunda 311 gol, umumylykda, şa klubunda 438 duşuşykda 450 gol geçirdi.

Bu Entryni Paýlaş!

...