Türkmenistanda Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty döredildi

0 ses
41
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Ylym Bilim | 24 Iýul 2018 16:32 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#177)
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 23- nji iýulda dynç alyşdan gelip, wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi we onuň dowamynda ýurtda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyny döretdi.
Bu täze institut Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyny hem-de Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyny birleşdirmegiň esasynda döredildi.
Alynan maglumatyna görä, institut toplumlaýyn ylmy-barlag işlerini geçirmek, öňdebaryjy hukuk ulanyş tejribesini öwrenmek, döwleti öwreniş, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak we kanunçylygy kämilleşdirmek bilen meşgullanar.
Mundanam başga, täze döredilen edaranyň wezipeleriniň hataryna adam hukuklary babatdaky milli programmalary we planlary durmuşa geçirmek girýär.
Institutyň direktorlygyna Ýagmyr Nuryýew bellenildi, täze edara Türkmenistanyň daşary işler ministrligi gözegçilik eder.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy

Bu Entryni Paýlaş!

...