Daşoguzdaky Ýokary Okuw Jaýlary türkmen bolmadyklary kabul edenok

0 ses
32
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Ylym Bilim | 01.08.2018 21:19 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#178)
Şu günler Türkmenistanyň ýokary we orta hünärmenlik okuw jaýlarynyň aglabasyna giriş synaglary başlandy. Bu çäräniň başlanmagy bilen, Daşogzuň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin dokumentlerini tabşyrmaga baran käbir abituriýentler dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran daşoguzly çeşmämiz welaýatyň Mugallymçylyk orta hünärmenlik mekdebine we Oba-hojalyk institutyna giriş synaglarynyň geçen hepde başlanandygyny we oňa milleti türkmen bolmadyk ýaşlaryň kabul edilmeýändigini habar berýär.
“Häzir giriş synaglaryna baran milleti türkmen bolmadyk ýaşlary yzlaryna gaýtarýarlar. Okuw jaýlarynyň resmileri okuwa girmek isleýän başga milletiň çagalaryna ‘Pasportyňyza türkmen diýip ýazdyryp geliň. Ýaşaýan etrabyňyzyň pasport bölümine baryp, okuwa girjegiňizi aýtsaňyz, bir aýa ýetmän düzedip berýärler’ diýip, maslahat beripdirler” diýip, çeşmämiz bu barada özüne tatar, gazak we özbek milletinden bolan ýaşlaryň gürrüň berendigini aýtdy.
Mundanam başga, ol geçen hepde giriş synaglaryna gatnaşan daşoguzly ýaşlaryň ençemesine salgylanyp, welaýatyň Mugallymçylyk we Lukmançylyk orta hünärmenlik mekdeplerinde okuwa girmek isleýän abituriýentlerden soralýan paranyň möçberiniň şu ýyl 120000-160000 manada (öňki pul hasabynda 600-800 million manat) ýetendigini öňe sürýär.
Daşoguzdaky Oba-hojalyk institutyna okuwa girmek isleýän ýaşlardan soralýan paranyň möçberi bolsa, şu ýyl 500000-600000 manada (öňki pul hasabynda 2,5-3 milliard manat) ýetdi.

Bu Entryni Paýlaş!

...