Kaspi Konwensiýasyna gol çekildi, Transhazar çözülmedi

0 ses
27
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 16.08.2018 14:43 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#180)
Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Orsýetiň, Azerbaýjanyň we Eýranyň prezidentleri 12-nji awgustda Gazagystanda Kaspi deňziniň hukuk durumy baradaky konwesnsiýa gol çekdiler.
Kaspiniň hukuk durumy Sowet Soýuzy dargaly bäri kesgitlenilmän gelýärdi. Netijede, bu mesele bir tarapdan SSSR bilen Eýranyň arasyndaky könelen ylalaşyk, ikinji tarapdan bolsa ikitaraplaýyn ylalaşyklar esasynda çözülip gelindi.  Kaspi deňziniň kanuny durumyny kesgitlemkde, başga zatlaryň arasynda, onuň resmi taýdan deňizmi ýa-da köl hasaplanmalydygy, onuň araçäk belgileriniň dürli halkara kanunlary esasynda çekilmegi baradaky mesele hem kynçylyk döretdi.
Orsýetiň hökümeti tarapyndan bölekleýin çap edilen konwensiýada her ýurduň territorial suwlarynyň öz kenarlaryndan ölçelende 15 deňiz mili aralygynda kesgitlenýändigi aýdylýar. Olaryň daşarky araçäkleri döwlet serhetleri hasaplanýar. Mundanam başga, her bir ýurduň öz territorial suwlarynyň gapdalynda 10 deňiz mili aralygynda balykçylyk zolagy bar diýip kesgitlenýär. Ol ýurt şol ýerde biologiki serişdeleri awlamaga doly hukukly bolýar.
Deňziň düýbüniň we baýlyklarynyň nähili bölünýändigi doly anyklaşdyrylmadyk. Konwensiýa laýyklykda, bu sektoryň bölünişigi “halkara hukugynyň umumy kabul edilen ýörelgeleri we kadalary arkaly, olaryň tebigy baýlyklary we beýleki kanuna laýyk hojalyk-ykdysady işlerine özygtyýarlylyk hukuklaryna eýe bolmaklary üçin, garşylykdaky kenarda ýerleşýän döwletler bilen gepleşikler we ylalaşyklar esasynda amala aşyrylýar”.
Eger döwlet deňziň düýbünden geçiriji gurmakçy bolsa, bu meselede ol geçirijiniň geçjek ugrundaky ýurtlar bilen ylalaşmaly.
Ýurtlar öz territorial suwlaryndaky gämi hereketlerini düzgünleşdirýärler. Şu serhetleriň çäginden daşarda gämiler erkin hereket edip bilýär. Şeýle-de konwensiýa Kaspide bu sebite degişli bolmadyk daşary döwletiň harby güýçleriniň gämisiniň bolmagyny gadagan edýär.
Ýöne, konwensiýada jedelli ýangyç ýataklary meselesine degilmeýär. Türkmenistan we Azerbaýjan birnäçe nebit ýatagyny bölüşip bilmän gelýär, olaryň iň ulusy “Serdar/Kýapaz” bolup durýar. Mundanam başga, Türkmenistan we Azerbaýjan, transhazar geçirijisiniň gurulmagy bilen gyzyklanyp, ozal munuň üçin geçirijiniň geçiriljek territoriýasyndaky ýurtlaryň razylygynyň ýeterlik bolmalydygyny aýtdylar. Emma, kabul edilen konwensiýada geçiriji gurmak baradaky proýekt hazarýaka döwletleriniň ählisi, ýagny bäşisi tarapyndan hem oňlanmaly edilipdir.

Bu Entryni Paýlaş!

...