Okuw üçin tölegler plastik kart arkaly alnyp başlandy

0 ses
6
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 08.09.2018 17:09 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#186)
«Türkmenistan» gazediniň (05.09.2018) habar bermegine görä «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň okuw üçin tölegleriniň plastik kart arkaly nagt däl görnüşinde amala aşyrylmagy üçin agzalan okuw mekdeplerinde töleg terminallarynyň ornaşdyrylandygyny habar berýär.

«Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň merkezi edarasy boýunça habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-03-04.

Şahamçalaryň salgylary we telefon belgileri bankyň resmi web saýtynda görkezilen görkezilendir. www.tnbk.tm

Ýadyňyza düşýän bolsa, Türkmenistanda dollaryň bes edilmegi bilen daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň okuw we ýaşaýyş tölegleri agsady we talyplar bu sebäpli gaty kyn ýagdaýa düşüpdi. Indi bolsa Türkmenistandaky banklar daşary ýurtlarda okaýan oglan gyzlaryň okuw töleglerini şol döwletiň walýutasy boýunça tölemek üçin talyplardan okuw hatlary soralýar. Bu okuw hatlary hökmany suratda resmi, peçatly we gol çekilen bolmaly. Munuň ýany bilen okuw hatynda okuw üçin tölenjek pul mukdary, puluň walýutasy, tölegiň sebäbi, we okuw jaýynyp resmi bank hasaby ýaly ýörite maglumatlar hem berilen bolmaly.

Bu Entryni Paýlaş!

...