Özbegistan-Siriýa duşuşygyna türkmenistanly eminler eminlik etdi

0 ses
7
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Sport | 08.09.2018 17:53 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#188)
FIFA derejeli eminimiz Çarymyrat Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky eminler topary 6-njy sentýabr 2018 Daşkent şäherindäki Milli stadionda Özbegistanyň hem-de Siriýanyň milli ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek ýoldaşlyk duşuşygyna eminlik etdiler.

Bu duşuşykda Ç.Gurbanowa Pälwan Pälwanow bilen Ahmet Beknazarow ýardam berdi. Bu duşuşyk özbek ýygyndysynyň täze tälimçisi Kuperiň ýolbaşçylygynda geçiren ilkinji duşuşygy bolup, duşuşyk 1-1 hasap bilen deňme-deňme tamamlandy. Özbegistan milli ýygyndysynyň golyny duşuşygyň 63-nji minudynda 11 meterlik jerime urgusyndan Marat Bikmaýew geçirdi. Siriýa milli ýygyndysynyň adyna bolsa pökgini duşuşygyň 78-nji minudynda Omar Al Soma geçirdi.

Bu Entryni Paýlaş!

...