Berdimuhamedowdan merjen däneleri gatnaşyjylara gutlag

0 ses
6
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 09.09.2018 21:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#189)
Mähriban çagalar!
Eziz körpeler!

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ata Watanymyz, mähriban halkymyz berkarar döwletimiziň taryhynda uly we möhüm waka öwrüljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygynyň toýuna uly üstünlikler, ýokary ruhubelentlik bilen barýar. Berkararlygyň we bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan baş baýramymyzyň şanyna Garaşsyz, Bitarap döwletimizde gazanylýan üstünliklere egsilmez buýsanç duýgularyny has-da pugtalandyrýan aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär.
Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp, eziz Diýarymyzda aýdym-sazly döredijilik bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň geçirilmegi, belentden ýaňlanýan şadyýan çaga gülküleri berkarar döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän, bagtly çagalygyň we beýik maksatlaryň hasyl bolýan Watany hökmünde hem bütin dünýä tanadýar. Her güni şan-şöhratly, taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalara baý «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda hem zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryndaky joşgunly çykyşlar şanly Garaşsyzlygymyzyň toý-dabaralaryna aýratyn öwüşgin berýär.
Aýdym-saz parahatçylygyň, dostlugyň we döredijiligiň çeşmesidir. Aýdym-sazyň esasynda gözellik hem-de parahatçylyk, ýagşylyk we dostluk hakyndaky gymmatly düşünjeler durýar.
Aýdymyň we sazyň jadylaýjy güýji bilen halklar birek-birek bilen has-da ýakynlaşýar. Siziň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, berkararlygymyzy we bagtyýarlygymyzy wasp edýän joşgunly aýdym-sazlaryňyz, ajaýyp sahna oýunlaryňyz, döredijilik ukyp-zehiniňiz dostlugyň hem-de parahatçylygyň, bagtyýarlygyň we erkanalygyň senasy bolup belent ýaňlanýar. Watansöýüjiligi, dostlugy, döredijiligi ýörelge edinen bagtyýar çagalarymyz biziň guwanjymyz hem beýik geljegimizdir.
Berkarar Watanymyzyň saýrak bilbilleri!
Garaşsyz ýurdumyzda sagdyn bedenli we belent ruhly nesilleri kemala getirmek döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridir. Şu maksatdan ugur alyp, bagtyýar zamanamyzda ýaş nesillerimiziň watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, döredijilik hem-de zehin taýdan kämilleşmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredildi. Kabul eden milli maksatnamalarymyzyň çäklerinde güneşli Diýarymyzyň ähli ýerinde häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň döwrebap binalaryny gurmakda nusgalyk işler amala aşyryldy. Bagtyýar çagalygyň, ajaýyp arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýan ata Watanymyzda siziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegiňiz, döwrebap bilim-terbiýe almagyňyz, sport we döredijilik bilen meşgullanmagyňyz, zehiniňizi kämilleşdirmegiňiz üçin döwletimiz geljekde hem zerur bolan ähli tagallalary eder.
Ylym-bilim, aýdym-saz adamzadyň gymmatly baýlygydyr. Ynsan gözlemek, gurmak, döretmek, ajaýyp aýdym-sazlar arkaly dünýäni has gözelleşdirmek, kämillige tarap ösmek bilen, belent sepgitlere ýetýär, uly mertebe gazanýar. Şu ýörelgeden ugur alyp, siz hem berkarar Watanymyzy gülledip ösdürmäge gönükdirilen beýik işlere gowy okamak, döredijilikli zähmet çekmek, gurmak, döretmek, ylym-bilim, aýdym-saz dünýäsine çuňňur aralaşmak bilen mynasyp goşant goşmalysyňyz.
Ýurdumyzda ýaş nesliň kalbynda sungata söýgini terbiýelemekde we ösdürmekde, täze zehinleri ýüze çykarmakda hem-de kämilleşdirmekde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşigine aýratyn orun degişlidir.
Siziň ýüreklere egsilmez şatlyk joşgunyny paýlaýan şirin aýdym-sazlaryňyz eziz Watanymyza, mähriban halkymyza söýginiň, buýsanjyň we wepalylygyň aýdyň beýany bolup ýaňlanýar. Ähli ösüşlerimiziň esasy bolan ruhy galkynyşymyzy has-da rowaçlandyrýar. Şu aýdym-saz bäsleşigi hem siziň çaga kalbyňyzda aýdym-saza söýgini terbiýelemek, ösdürmek bilen milli sungatymyzyň nesilden-nesle geçip, dowamat-dowam bolmagyna we kämilleşmegine giň ýol açýar.
Geljekde hem ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerip, siziň milli medeniýetimize, şirin owazly, çuň many-mazmunly aýdym-saz sungatymyza bolan söýgiňiz, buýsanjyňyz bilen agzybirligi, dostlugy, ynsanperwerligi we bagtyýarlygy wasp etmekde mundan beýläk-de işjeňlik görkezip, ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterýän nesil bolup ýetişjekdigiňize berk ynanýaryn.
Mähriban çagalar!
Eziz körpeler!
Sizi Türkmenistanyň milli baýramynyň — Garaşsyzlyk gününiň 27 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşigiňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Goý, güneşli Diýarymyzda ajaýyp aýdym-sazlar, şadyýan çaga gülküleri hemişe belentden ýaňlanyp dursun!
Size berk jan saglyk, egsilmez bagt, okuwda we durmuşda, aýdym-saz äleminde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Bu Entryni Paýlaş!

...