Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynda ýene 9 medal gazanyldy

0 ses
6
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Sport | 09.09.2018 21:24 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#193)
Çar­wa­dar­la­ryň III Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň ikin­ji gü­nün­de Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ga­za­nan­la­ry­nyň üs­ti dür­li gym­mat­lyk­da­ky me­dal­la­ryň 9-sy — dört al­tyn, bir kü­müş we dört bü­rünç me­dal bi­len ýe­ti­ril­di.
Bi­ziň tür­gen­le­ri­mi­ze gu­şak­lar­da mil­li gyr­gyz guşakly gö­re­şi bo­lan alyş bo­ýun­ça ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik ýar bol­dy.
100 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de il­de­şi­miz Seý­di Ba­ty­row al­tyn me­da­lyň eýe­si bol­dy.
Ze­nan­la­ryň ýa­ry­şyn­da hem türk­men ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ga­za­nan­la­ry­nyň üs­ti al­tyn me­dal­lar bi­len ýe­ti­ril­di. Şun­da La­çyn Ba­dag­ly­ýe­wa (55 kg. çen­li), Zuh­ra Mad­rai­mo­wa (60 kg. çen­li) we Na­si­ba Sur­ki­ýe­wa (75 kg. çen­li) ta­pa­wut­lan­dy­lar.
Ars­lan Aşyr­gel­di­ýew (60 kg. çen­li) ýur­du­my­zyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ha­sa­by­na kü­müş me­dal goş­dy.
Hor­mat mün­be­ri­niň üçün­ji bas­gan­ça­gy­na il­deş­le­ri­mi­ziň ýe­ne-de dör­dü­si: Öwez­gel­di Ber­di­ýew — 100 ki­log­ram­dan ýo­ka­ry iň agyr ag­ram de­re­je­sin­de, Ro­zy­my­rat Me­dow (70 kg. çen­li), Gy­lyç Ju­ma­ýew (90 kg. çen­li) hem-de ze­nan­la­ryň bäs­le­şi­gin­de Je­mal Owl­ýa­ku­li­ýe­wa (65 kg. çen­li) çyk­dy­lar.

Şeý­le­lik­de, mil­li tä­jik guşakly gö­re­şi bolan “guş­ti­ni mil­li ka­mar­ban­di” gör­nü­şin­de An­na­my­rat My­ra­dow (al­tyn me­dal; 100 kg.-dan ýo­ka­ry ag­ram de­re­je­si), Be­genç Ýag­my­row (kü­müş me­dal; 68 kg. çen­li) hem-de Sy­lap­ber­di Nu­ry­ýew (bü­rünç me­dal; 82 kg.) ta­ra­pyn­dan düýn ga­za­ny­lan üç me­da­lyň üs­tü­ne şu gün do­kuz me­dal go­şul­dy.
«Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry — 2018-iň» il­kin­ji iki gü­nü­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça türk­men ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ga­za­nan­la­ryn­da 12 me­dal, ola­ryň bä­şi­si al­tyn, iki­si kü­müş we bä­şi­si bü­rünç me­dal­lar bol­dy.

Hä­zir­ki ýag­da­ýa gö­rä, ýa­ryş­la­ryň umu­my ha­sa­byn­da bi­ziň ýur­du­myz üçün­ji or­ny eýe­le­ýär.

Bu Entryni Paýlaş!

...