Xabier "xabi" Alonso Olano

0 ses
7
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Biýografiýa | 11.09.2018 19:30 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#197)
Xabier "xabi" Alonso Olano 25 Noýabr 1981-nji ýylda doglan Ispaniýaly futbol oýunçysy. Kariýerasyna Real Sosiedad başlady. 2004-nji ýylyň awgust aýynda 10.5 milýon ýewro tölegi bilen Angliýanyň kökli futbol toparlaryndan Liwerpula transfer boldy. Liwerpuladaky ilk sezonynda UEFA Şempiýonlar ligasynyň kubogyny göterip adyny dünýä futbolyna tanatdy. 2009-njy ýylda bolsa 30 milýon ýewro tölegi bilen Ispaniýanyň iň tanymal futbol topary Real Madride transfer boldy. Real Madridde 2012 we 2014-nji ýyllarda empiýonlar ligasynyň kubogyny göterdi. 2014-nji ýylyň ýaz transfer sezonynda Germaniýanyň kökli futbol topary Baýern Münihe transfer boldy. Bu toparda 3 ýyl futbol oýnapş 2017-njy ýylyň ýaz aýynda futbol kariýerasyna nokat goýdy. Alanso Ispaniýanyň milli ýygyndysynda-da köp gezek şowly çykyş etdi. 2008 we 2012-de EURO kubogyny, 2010 bolsa Dünýä kubogyny götermek oňa miýesser etdi. Ispaniýanyň milli ýygyndysyndaky futbol kariýerasyna 27-nji awgust 2014 ýylynda nokat goýupdy. Ol jemi 114 gezek Ispaniýanyň milli ýygyndysynda çykyş etdi.

Nagore Aranburu bolsa Xabi Alonsonyň aýaly. Olaryň Jontxu, Ane we Emma adynda üç çagasy bar.
Peter Crouch Liwerpulda oýnaýan wagty Nagore Aranburu-ny görüp oňa aşyk bolupdy. Onuň xabi-nyň aýalydygyndan habary ýokdy. Jim Carregher oňa onuň xabi-nyň aýalydygyny aýdyp berk duýduryş beripdi.

Ynha, Nagore Aranburu we Xabi Alonsonyň bir Futbol Sylaglarynyň galasynda düşen suraty. Surata ünslije serediň hany, näme barka?

http://i.hizliresim.com/r1z9OP.jpg

Elbette, dünýä belli türkmen halysy ünsüňizi çekendir.
Buýsanyň, sag boluň!

Bu Entryni Paýlaş!

...