Berdimuhamedowyň Amul-Hazar 2018 awtoralli açylyş çykyşy

0 ses
4
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Sport | 12.09.2018 20:32 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#198)
ÝER: Türkmenabat şäheri
TARYH: 10 sentýabr 2018

Hormatly adamlar!
Hormatly awtomobil sportunyň türgenleri!
Hanymlar we jenaplar!
Gadyrly "Amul - Hazar 2018" halkara awtorallisine gatnaşyjylar!

Ine, biz şu gün "Amul - Hazar 2018" ady bilen geçirilýän halkara derejesindäki sport baýramçylygyny geçirýäris. Türkmen topragynda guralýan ýaryşlara gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan gelen türgenlere we beýleki myhmanlara "Hoş geldiňiz!" diýip ýüzlenýäris.
Men siziň ähliňizi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda geçirilýän halkara awtorallisiniň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň bilşiňiz ýaly, Amul topragyndan badalga berilýän halkara awtoralli ýaryşlary ajaýyp Hazaryň kenarynda ýerleşýän gözel künjekde- Awazada jemlener.
"Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" diýlip yglan edilen ýylda "Amul - Hazar 2018" halkara derejeli awtoralli ýaryşynyň geçirilmegi Türkmenistanyň dünýä awtomobil sportunyň ösdürilmeginde mynasyp orun eýeleýändigini äşgär edýär. Biziň ýurdumyzda awtomobil sportunyň döredilenine köp wagt geçmedigem bolsa, bu ugurda giň möçberli işler amala aşyryldy.

Hormatly adamlar!
Gadyrly türgenler!

Ertir gadymy Amul topragyndan halkara awtoralli ýaryşy bolan sport baýramçylygyna dabaraly ýagdaýda badalga bereris. Bu uly ýaryşlara taýýarlygyň çäklerinde halkara awtoralliniň geçjek ugurlary kesgitlenildi.
Bu menziliň - Amuldan Hazara çenli bolan ýoluň umumy uzynlygy 1571 kilometre barabardyr.
Hormatly türgenler, siz bäsleşigiň dowamynda dünýäniň iň uly çölleriniň biri hasaplanylýan Garagumuň baý tebigaty, onuň özboluşly aýratynlyklary hem-de türkmen sährasynyň täsinligi bilen tanşarsyňyz. Garagumuň özboluşly tebigatynyň, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň sizde ýatdan çykmajak täsirler galdyrjakdygyna ynanýaryn. Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Badalga meýdançasyndan ugrap, gadymy Amul topragynyň ajaýyplygyny duýarsyňyz.
Sebitde iň uly gadymy Jeýhun derýasy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, onuň kenaryndaky taryhy galanyň ösen medeniýetli şäher bolandygyny taryh ykrar edýär. Bu ýerde ekerançylyk we söwda gatnaşyklary gülläp ösüpdir.
Soňra halkara awtoralliniň ýoly bilen Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän "Mary düşelgesi" diýen künjege bararsyňyz. Mälim bolşy ýaly, gadymy döwürde Maru - Şahu - Jahan ady bilen belli bolan bu şäheriň irki asyrlarda diňe bir sebit ähmiýetli däl, eýsem, dünýä siwilizasiýasynyň merkezi bolandygyny taryhy - ylmy çeşmeler tassyklaýar. Gadymy Merwiň dünýä medeniýetiniň pajarlap ösmeginde möhüm orun eýeländigine taryh şaýatdyr. Bu barada dünýäniň gadymy taryh bilen meşgullanýan alymlary, taryhçylary belleýärler.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça guralýan halkara awtoralliniň ýoly Ahal welaýatynyň çägine girer. Bu ýerde "Garagum ýalkymy" düşelgesi ýerleşýär. Şonda siz sähranyň bu künjeginiň gözelligine, onuň tebigy aýratynlyklaryna hem-de çöl ösümlikleriniň özboluşly görnüşlerine syn edersiňiz.
Dünýä ýüzünde özboluşly täsinlik hasaplanylýan we "Garagum ýalkymy" diýlip atlandyrylýan bu ýerdäki alaw sizi haýran galdyrar. Garagumuň jümmüşindäki alaw türkmen halkynyň kalbynyň ýyly mähriniň özboluşly nyşany bolup, ol siziň göwnüňizi göterer.
Mundan başga-da, bu künjekleriň howa gurşawy, ösümlik dünýäsi sizi täze menzillere atarar.
Soňra siz taryhy ýol bilen gidip barşyňyza Daşoguz topragyna gadam goýarsyňyz. "Amul - Hazar 2018" halkara awtoralliniň ýoly "Altyn asyr - Türkmen köli" diýlip atlandyrylýan düşelgäniň üstünden barar. Bu ýerde siz altynsow öwüşginli ýaýylyp ýatan köli görersiňiz. Garagum sährasynyň jümmüşinde dörän bu kölüň we onuň töwerekleriniň özboluşly haýwanat we ösümlik dünýäsi Sizi adam eli bilen döredilen gudratyň dünýäsine aralaşdyrar. Bu künjegiň ýakymly gurşawy we kölüň kümüş teňňeli balyklary size şatlyk eçiler.
Şeýlelikde, Garagum sährasynyň täsin tebigaty, onuň rowaýata öwrülen künjekleri we sähranyň döreden gudratlary hiç bir adamy biparh goýmaýar.

Hormatly türgenler!

Soňra siziň ýoluňyz Balkan welaýatynyň çägi boýunça dowam eder. Şonda siz seleňläp görünýän Balkan daglarynyň deňinden geçip, ýaryşyň jemleýji tapgyryna tarap rowana bolarsyňyz. Türkmen topragynyň, sährasynyň, kölleriniň, daglarynyň ajaýyplygy bilen geçen ýoluňyz Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän "Sport meýdançasy" diýlip atlandyrylýan düşelgä barar.
Şeýlelikde, ady rowaýata öwrülen halkara awtoralliniň ýoly gojaman Hazaryň kenary bilen uzap, Aziýanyň şypahana merjeni hasaplanylýan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda jemlener. Bu ýerde siz adamlaryň dynç almagy we saglyklaryny berkitmekleri üçin niýetlenen şypahana zolagynyň aýratynlygyny synlarsyňyz. Türkmen topragynda amala aşyrylan beýik işleriň şaýady bolarsyňyz. Bu künjegiň ajaýyplygy, halkymyzyň ýagşy dessurlary we myhmansöýerlik däbi siziň hakydaňyzda hemişelik saklanar.

Hormatly türgenler!
Men ykballaryny sport bilen baglan türgenlere uly üstünlik arzuw edýärin.

Hormatly adamlar!
Gadyrly türgenler!

"Amul - Hazar 2018" halkara awtoralli ýaryşlarynyň halklary ýakynlaşdyryp, dostlugy, hyzmatdaşlygy has-da berkitjekdigine ynanýaryn.
Siziň ähliňizi bu ajaýyp hem-de özüne çekiji sport baýramçylygy bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly türgenler!
Ýoluňyz ak bolsun, tutumyňyz rowaç, üstünlik hemraňyz bolsun!
...