2018 Türkmenistan Ýokary Ligasynyň 20-nji tapgyry

0 ses
3
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Sport | 20.09.2018 21:00 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#201)
Futbol çempionatymyzyň 20-nji tapgyrynyň çäginde geçiren duşuşyklaryny ýeňiş bilen tamamlan "Ahal" hem-de "Altyn Asyr" toparlary eýeleýän öňdäki orunlaryny saklap galdylar. Türkmenbaşy şäheriniň ýerlisi "Şagadam" Balkanabadyň "Nebitçi"sini kabul etdi. Bu duşuşykda Begenç Annagurbanow bilen Hemra Amanmämmedowyň netijeli urgulary "Şagadam"a wajyp üç utugy getirdi.
Futbol çempionatymyzyň üçünji aýlawynyň iň soňky tapgyry bolan 21-nji tapgyryň duşuşyklary 21-22-nji sentýabrda geçiriler.

XX tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

"Ahal" 3 - 1 "Aşgabat"
Gollar: Didar Durdyýew 18, 73, Guwanç Abylow 77 ("Ahal") – Nazar Baýramow 54 ("Aşgabat")

"Altyn Asyr" 3 - 0 "Energetik Mary"
Gollar: Gurbangeldi Sähedow 40, Begmyrat Baýow 44, Mekan Saparow 58 ("Altyn Asyr")

"Şagadam" 2 - 1 "Nebitçi"
Gollar: Begenç Annagurbanow 25 (11 m.j.u.), Hemra Amanmämmedow 40 ("Şagadam") – Aşyrgeldi Ylýasow 90+4 (11 m.j.u.) ("Nebitçi")

"Köpetdag" 2 - 0 "Merw"

Şu wagtky 8 komandaly Ýokary ligasynyň 2018 oçko tablisasy şeýle şekillendi:
1. FK AHAL - 44 Oçko (O:20, Ý:13, D:5, U:2)
2. ALTYN ASYR - 42 Oçko (O:19, Ý:13, D:3, U:3)
3. ŞAGADAM - 33 Oçko (O:20, Ý:10, D:3, U:7)
4. ENERGETIK MARY - 27 Oçko (O:20, Ý:7, D:6, U:7)
5. MERW - 23 Oçko (O:20, Ý:5, D:8, U:7)
6. KÖPETDAG - 21 Oçko (O:20, Ý:6, D:3, U:11)
7. FK AŞGABAT - 19 Oçko (O:20, Ý:5, D:4, U:11)
8. FK BALKAN - 11 Oçko (O:19, Ý:3, D:2, U:17)

***BELLIK:
- O: Oýun
- Ý: Ýeňiş
- D: Deňeçer
- U: Utulyş
...