Türkmen futbolynda ilk - Altyn Asyr AFK kubogynyň finalynda

0 ses
3
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Sport | 05.10.2018 21:10 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#203)
Paýtgatymyzyň “Altyn Asyr” topary türkmen futbolunyň taryhyndaky iň wajyp ýeňişleriň birini gazandy. Hawa, 3-nji oktýabrda paýtagtymyzda AFK-nyň interzolagynyň finalynyň jogap oýnunda Demirgazyk Koreýanyň “Aprel 25” topary  bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnan paýtagtymyzyň topary türkmen futbolunyň taryhyndaky täze sahypany açdy. Toparymyz myhmançylykda geçiren gollarynyň sany boýunça AFK-nyň Kubogynyň aýgytlaýjy duşuşygynda güýç synanyşmaga mümkinçilik aldy.

Türkmen toparlarynyň arasynda ilkinji bolup adyny AFK-nyň Kubogynyň finalyna ýazdyran “Altyn Asyr” Phenýanda geçen birinji duşuşykda (2:2) hem netijeli oýun görkezipdi. Gündogar Aziýa sebitiniň ýeňijisi bolan “Aprel 25”-iň toparymyz bilen geçiren duşuşygynyň öňüsyrasyndaky duşuşyklarynyň 8-sini hem ýeňiş bilen tamamlandygy, soňky ýarym finalda Singapuryň “Home Ýunaýted” toparyny iki duşuşykda 11:1 hasabynda ýeňmegi onuň mümkinçiliginiň näderejede ýokarydygyny görkezýär. Ýöne futbol boýunça milli ýygyndymyzyň esasyny düzýän paýtagtymyzyň topary iki duşuşygyň netijesi boýunça ynamly ýeňiş gazanmagy başardy.

Duşuşygyň birinji ýarymynyň 7-nji minutynda Han Song Hyokyň netijeli urgusy “Aprel 25”-i kanagatlandyrýan hasabyň tabloda ýazylmagyna getirdi. Şondan soň hüjümlerini artdyran myhmanlar ikinji ýarymda 11 metrlik jerime urgusyny urmaga mümkinçilik aldylar, ýöne derwezeçimiz Mämmet Orazmuhammedow sowukganlylygy elden bermedi. Oýnuň 64-nji minutynda “Altyn Asyryň” hüjümçisi Wahyt Orazsähedow eminiň bellän 11 metrlik urgusyny dürs ýerine ýetirmegi başardy. Şondan soňky edilen hüjümler netije bermedi.

Şeýlelikde, iki duşuşygyň netijesinde taryhy ýeňşi gazanan “Altyn Asyryň” AFK-nyň Kubogynyň finaldaky garşydaşy bu bäsleşigiň soňky ikisinde ýeňiji bolan Yragyň “Al-Kuwa” topary bolar. Final duşuşygynyň wagty hem-de geçiriljek ýeri az soňra mälim ediler.

AFK-nyň interzolagynyň finalynyň hasabaty:

“Altyn Asyr” (Türkmenistan) – “Aprel 25” (Demirgazyk Koreýa) – 1:1

Gollar: Wahyt Orazsähedow 64 (11 m.j.u.) (“Altyn Asyr”) – Han Song Hyok 7 (“Aprel 25”)

Duýduryşlar: Resul Hojaýew 21, Wahyt Orazsähedow 90+2 (“Altyn Asyr”) – Kim Yu Song 31, Kim Chol Bom 80 (“Aprel 25)

Tomaşaçy sany: 11750
...