Garabogaz aýlagyna awtomobil köprüsi taslamasy taýýarlanyldy

0 ses
1 gezek okaldy
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 09.10.2018 19:52 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#205)
“Türkmenawtoýollary” Döwlet konserniniň taslama institutynyň hünärmenleri Garabogaz aýlagynyň üstünden awtomobil köprüsiniň taslamasyny işläp taýýarladylar. Uzynlygy 354 metr, ini 17 metr we beýikligi aýlagdyň üstünden 7 metr bolan desga ulaglaryň Gazagystan bilen serhede tarap dört zolakly (her tarapa iki zolakly) hereketini üpjün eder.

Täze inženerçilik desgasy köne, indi barha artýan ulag gatnawlarynyň talaplaryna laýyk gelmeýän, iki zolakly köprä derek gurlar. Täze köprüniň ganatlary uzynlygy 110 we 64 metrlik demir gurnamalardan, şeýle hem demir-beton pürslden gurlar, olar ýokary ýük göterijiligini we desganyň durnuklylygyny üpjün ederler. Köprüde emeli yşykly we germewli ini iki metrlik pyýadalar üçin zolak bolar.

Täze köpri Türkmenistanyň Günbatarynda gurulýan logistika ulgamynyň bir bölegidir. Onuň üstünden awtomobil ýoly geçer, ol Aşgabat-Türkmenbaşy multimodal garaýolunyň dowamy bolar we Türkmenistan bilen Gazagystany baglaşdyrar, bu bolsa iki ýurduň arasynda ulag akymyny hem-de haryt dolanşygynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

ÇEŞME: Türkmen Portal
...