TÝL - 2018: “Ahal” birinji orna dolandy

0 ses
1 gezek okaldy
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Sport | 23.10.2018 14:51 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#208)
Türkmenistanyň futbol çemppionatynyň 25-nji tapgyrynda myhmançylykda “Şagadamy” 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar eden “Ahal” ýaryş tertibiniň birinji basgançagyna dolandy. “Ahala” ýeňiş getiren toplaryň ikisini öz adyna ýazdyran Süleýman Muhadow (13 top) iň köp top geçirenleriň bäsleşiginde “Altyn Asyryň” oýunçysy Altymyrat Annadurdyýew (14 top) bilen top aratapawudyny bire çenli azaltmagy başardy.
AFK-nyň Kubogynyň finalynda çykyş edýändigi sebäpli paýtagtymyzyň “Altyn Asyryň” bu tapgyrda “Nebitçi” bilen geçirmeli duşuşygy soňa süýşürildi.
Bu tapgyryň birinji gününiň beýleki duşuşygynda “Aşgabat” bilen “Merw” 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar.
25-nji tapgyryň soňky duşuşygy 21-nji oktýabrda geçirilip, onda “Energetik” bilen “Köpetdag” toparlary duşuşarlar.

25-nji tapgyryň netijeleri:

“Aşgabat” – “Merw” – 2:2
Gollar: Şiri Annaýew 66, 91+ (“Aşgabat”) – Perman Hallyýew 25, Toýly Goçnazarow 29 (“Merw”)

 “Şagadam” – “Ahal” – 1:3
Gollar: Kerim Hojaberdiýew 72 (“Şagadam”) – Süleýman Muhadow 20, 66, Didar Durdyýew 64 (“Ahal”).

Bu Entryni Paýlaş!

...