17 Awgust Gawun baýramy

0 ses
32
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 18.08.2017 14:50 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#21)
Türkmenistanda dün 17-nji awgustda Gawun baýramyny bellenip geçildi. Bu baýram her ýylyň awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýä ylmynda bellige alnan gawunyň 1600 görnüşiniň 400 naýbaşy görnüşi türkmen topragynda ýetişdirilýär. Gawunlaryň şunun ýaly dürli görnüşleri bakjaçylaryň her bir täze nesli tarapyndan artdyrylýar, olar halk seçgiçileriniň, şeýle hem häzirkizaman ylmynyň tejribesine daýanyp, gawunyň täze görnüşlerini döredýärler.
Türkmen topragynda gawunyň irki, çalt ýetişýän, tomus ýetişýän, güýz-gyş pasyllary ýetişýän hem-de gyş gawunlary: waharman, gülaby, garrygyz, akmaral, samça, handälek, ak gürbek, gara gürbek we köpsanly beýleki görnüşleri ýetişýär. Örän süýji tagamly, hoşboý ysly, torly türkmen gawunlarynyň datly tagamyny bir gezek dadanlar ony unutmaýarlar – olar türkmen halkynyň milli baýlygy hem buýsanjydyr. Türkmen gawunlary aýratyn tagamy bilen tapawutlanýar, ol agzyňda ereýär diýip aýdýarlar.
Türkmen gawunynyň baý taryhy bar. Ony gadym döwürlerden bäri Amyderýa, Murgap, Tejen derýalarynyň ugrundaky ýaýlalarda ýetişdiripdirler. Gadymy Merwde we Köneürgençde geçirilen gazuw işlerinde ýüze çykarylan gawunlaryň tohumlary bu künjeklerde gadymy döwürlerde bakjaçylygyň ösendigine şaýatlyk edýär. Bu tagamly bakja önümini Türkmenistandan Beýik Ýüpek ýoly boýunça Ortaer deňziniň kenarlaryna, kerwenler bilen Uralyň hem-de Wolganyň aňyrsyndaky çäklere ýetiripdirler. Gawun gadymy greklere we rimlilere hem belli blupdyr. Ol arap halyflarynyň, hytaý imperatorlarynyň, hindi, eýran we ýewropa şalarynyň saçagyny bezäpdir.
Gadymy tebipler dürli keselleri bejermek üçin gawun iýmegi salgy beripdirler. Türkmen topragynda ýetişdirilýän tagamly gawunlar ähli döwürlerde hem belli alymlaryň, taryhçylaryň hem-de dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylaryň ünsüni çekipdir. Gadymy ýazuw çeşmeleri türkmen gawunynyň tagamy baradaky öwgülere baýdyr. Gawun bilen türkmenleriň gadymy halk dessurlary, hekaýatlary, rowaýatlary we ertekileri baglanyşyklydyr.
Gawuny “bakjanyň soltany” diýip mynasyp atlandyrýarlar, ol datly tagamy, ýokumly hem-de bejeriji häsiýetleri, şeýle hem adam bilen tebigaty birleşdirýän, günüň jomart çogündan döreýän altyn öwüşgünli iýmit hökmünde-de bu derejä mynasypdyr.
...