Türkmenistan Ýokary Ligasy 2018 - Altyn Asyr 5 gezek çempiýon

0 ses
3
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Sport | 26.11.2018 13:51 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#223)
17 Noýabr 2018 senesinde Türkmenistanyň Futbol boýunça milli çempionatynyň Ýokary ligasynda 26-njy möwsüm tamamlandy. Iň soňky tapgyra çenli dowam eden çempionlyk göreşi netijesinde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Altyn asyr” futbol topary bassyr bäşinji gezek ýurdumyzyň çempiony bolmagy başardy. Munuň özi Türkmenistanyň futbol çempionatynyň rekordydyr. Mundan ozal diňe “Köpetdag” futbol topary 1992 -1995-nji ýyllar aralygynda bassyr dört gezek çempion bolup bilipdi. “Altyn asyr” bolsa bu rekordy indi bäş çempionlyga çykardy. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän topary gazanan çempionlygynyň sany boýunça milli futbol taryhymyzda ikinji orna geçdi. Birinji orunda jemi alty gezek çempion bolan “Köpetdag” bar.

Geçen möwsümlerde bolşy ýaly, “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda hem milli birinjlikde çempionlyk ugrundaky göreş juda ýiti boldy. “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň “Ahal” futbol topary jemi dört aýlawdan ybarat möwsümiň üç aýlawynda ýaryşyň birinji ornuny hiç bir garşydaşyna bermän gelen hem bolsa, halkara ýaryşlarda tejribesini has artdyran “Altyn asyryň” futbolçylary soňky tapgyrlarda ýaryş tertibiniň başyna geçmegi başardylar. “Aragatnaşykçylar” 28 tapgyrda 66 utuk toplap, ikinji orundaky “Ahaldan” 6 utuk öňe saýlandylar.

Çempiony kesgitlemekde ýaryşyň jemleýji - 28-nji tapgyrynyň ähmiýeti uly boldy. Çünki şol tapgyrda “Altyn asyr” “Merwden” ýeňlip, “Ahal” “Energetikden” üstün çykyp bilen bolsa, “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň topary taryhyndaky ilkinji çempionlygyna gowuşmaga mümkinçilik alardy. Ýöne “Altyn asyr” çempionlyga galan ýekeje ädimi juda ynamly ätdi we bäşinji gezek arzyly sepgide ýetdi. Has takygy, ähli duşuşyklary şu gün geçirilen 28-nji tapgyrda “Altyn asyr” “Merwden” 2:1 hasabynda üstün çykyp, çempionlyk ýeňşini gazandy. Çempion toparyň pökgülerini 67-nji minutda Wahyt Orazsähedow, şondan 5 minut soňra bolsa Begmyrat Baýow geçirdi. Şeýle-de bolsa “Merwiň” futbolçylary şol 5 minudyň aralygyna bir pökgi sygdyryp, birbada hasaby deňlediler. 69-njy minutda Döwlet Döwletmyradowyň geçiren pökgüsi “Merwiň” şu möwsümdäki iň soňky pökgüsi boldy.

“Ahal” bolsa iki gezek öňe saýlanmagyna garamazdan, Mary welaýatyna wekilçilik edýän beýleki bir topardan - “Energetikden” ýeňildi. 2:3 hasabynda myhman toparyň peýdasyna tamamlanan duşuşykda “Ahalyň” pökgülerini Didar Durdyýew (11-nji minutda) bilen Begenç Akmämmedow (48-nji minutda) geçiren bolsa, “Energetikden” Begenç Guldurdyýew (47-nji minutda), Bagtyýar Hojaahmedow (58-nji minutda, 11 metrlik jerime urgusyndan) we Alibek Abdyrahmanow (75-nji minutda) dagylar geçirdi. Bu duşuşygyň netijesi “Ahalyň” ýaryşy kümüş medal bilen tamamlamagyna sebäp bolan bolsa, “Energetigi” bir ýyl aralykdan soňra ýene-de bürünç medala ýetirdi. 2016-njy ýylyň futbol möwsüminde hem çempionaty bürünç medal bilen tamamlan Mary DES-niň hemaýatkärligindäki topar Ýokary ligada soňky dört möwsüm bäri çykyş edýär. Dört ýylda iki bürünç medal islendik topar üçin ýokary netijedir. Üstesine, “Energetik” Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşda hem finala çykdy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Köpetdag” futbol topary bilen geçiriljek şol final duşuşygy öňümizdäki 21-nji noýabrda bolar.

Möwsümiň üç aýlawynda ýaryş tertibiniň üçünji ornunda ýerleşip, soňky tapgyrlarda “Energetikden” yza galan geçen möwsümiň bürünç medalynyň eýesi - Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” futbol topary jemleýji tapgyrda “Aşgabat” futbol toparyny tejribe hüjümçi Hemra Amanmämmedowyň geçiren pökgüleriniň ikisi bilen ýeňen hem bolsa, bu ýyl dördünjilige kanagat etmeli boldy. Öz meýdanynda Balkanabadyň “Nebitçisinden” 2:1 hasabynda üstün çykan “Köpetdag” hem üç günden geçiriljek finalyň bosagasynda ynamly oýny orta goýdy, hem-de çempionatyň agramly bölegini ýedinji orunda geçirendigine garamazdan, iň soňky tapgyrda altynjy basgançaga çykmaga mümkinçilik gazandy.

Şeýlelikde, ýaryş tertibiniň ilkinji üç ornuna degişlilikde “Altyn asyr”, “Ahal” hem-de “Energetik” mynasyp bolan bolsa, çempionaty “Şagadam” dördünji, “Merw” bäşinji, “Köpetdag” altynjy orunda tamamlady. Soňky iki orny bolsa “Aşgabat” hem-de “Nebitçi” toparlary eýelediler.

Ýokary liganyň çempionlygy “Altyn asyra” AFK-nyň kubogy - 2019 halkara ýaryşyna toparçalaýyn tapgyrdan başlamaga hukuk berýär. Diýmek, şu ýyl yklym ýaryşynyň finalyna çenli ýeňlişsiz baran “aragatnaşykçylara” öňümizdäki ýylda ýene halkara synag garaşýar. “Altyn asyryň” futbolçysy Altymyrat Annadurdyýew 19 pökgi bilen möwsümde iň kän tapawutlanan futbolçy boldy.

ÇEŞME: Turkmen Portal
...