Birinji liganyň çempiýony "Köpetdag II"

0 ses
4
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Sport | 26.11.2018 14:04 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#224)
Ýokary liganyň jemleýji tapgyryndan bir gün öň Birinji liganyň çempiony hem kesgitlenildi. Ýaryş Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Köpetdag” futbol toparynyň ikinji düzüminiň çempionlygy bilen tamamlandy.

Ýurdumyzda Birinji liganyň ýaryşlary zolaklaýyn görnüşde geçirilýär. Zolak ýaryşlarynyň çempionlary bolsa her ýyl möwsümiň ahyrynda geçirilýän jemleýji ýaryşa gatnaşýarlar. Aýlaw görnüşinde geçirilýän şol ýaryşyň netijesinde-de Birinji liganyň çempiony kesgitlenilýär.

Şu ýyl aýgytly ýaryşa Ahal welaýatyndan “Ýedigen”, Balkan welaýatyndan “Türkmennebit”, Daşoguz welaýatyndan “Görogly”, Jeýhun ýakasyndan “Bagtyýarlyk”, Mary welaýatyndan “Energetik II”, paýtagtymyzdan bolsa “Köpetdag II” toparlary gatnaşdy. Geçirilen bäş tapgyryň duşuşyklarynyň birinde-de ýeňilmedik Içeri işler ministrliginiň topary şol duşuşyklarda mümkin bolan 15 utugyň ählisini toplady. Bäş duşuşykda garşydaş derwezelere 19 pökgi geçiren toparyň futbolçylary öz derwezesinde 8 pökgi gördüler.

Lebapdan gelen futbolçylar ýaryşy ikinji orunda tamamladylar. Welaýatyň çempiony bolan “Bagtyýarlyk” futbol topary aýgytlaýjy ýaryşda diňe çempiondan utuldy, beýleki garşydaşlarynyň ählisinden rüstem geldi. Şeýlelikde, topar ýaryşy 12 utuk bilen tamamlady.

Iň soňky tapgyrda “Ýedigenden” 2:3 hasabynda üstün çykan “Türkmennebit” Birinji liganyň bürünç medalyna mynasyp boldy. Bäş duşuşykda 4 utuk toplap bilen daşoguzly futbolçylar dördünji orny eýelän bolsa, bäşinji we altynjy basgançaklardaky “Ýedigen” bilen “Energetik II” ýaryşy 3 utuk bilen tamamlady.

Birinji liga ýurdumyzyň sebitlerinde futboly ösdürmekde ähmiýetlidir. Bu ýaryş zehinli ýaş futbolçylaryň ýüze çykarylmagyna we olaryň Ýokary ligada çykyş edýän toparlaryň düzümine çagyrylmagyna mümkinçilik berýär.

“Köpetdag II-den” Ýazgylyç Gurbanow bu gezekki ýaryşyň iň ökde futbolçysy boldy. “Bagtyýarlygyň” 16 ýaşly futbolçysy Meýlis Durdyýew bolsa ýaryşda iň köp tapawutlanan futbolçy bolmagy başardy.
...