Kyýat han (1754-1843)

0 ses
3
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Biýografiýa | 04.12.2018 15:48 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#232)
Kyýat han Kümüşdepede ýa-da Esenguluda, takmynan, 1754-nji ýylda eneden dogulýar. Ol Kaspi deňziniň kenarýakasyndaky türkmenleriň hany bolupdyr. Oňa Kyýat beg, Gyýat beg, Kyýas beg hem diýilýär.
Kyýat hanyň ömrüniň irki döwri barada maglumatlar mälim däl. Ol garamaýak halkdan saýlanyp çykan demirçi ussanyň ogly. Özi hem ussaçylyk bilen meşgullanypdyr. Ýaşap geçen ýerleri Kümüşdepe, Esenguly, Çeleken etraplarydyr. Kyýat hanyň Ýagşymämmet (Ýagşymuhammet), Kadyrmämmet atly ogullary bolupdyr. Onuň ady ilkinji gezek 1813-nji ýylda peýda bolýar. Etrek-Gürgen türkmenleri şol ýyl Fataly şanyň garşysyna uly gozgalaň turuzýarlar we patyşa Russiýasynyň Russiýa-Eýran urşuna gatnaşýan Kawkazdaky goşunlary bilen gatnaşyk açýarlar. Russiýa-Eýran urşy gutaryp, Gülüstan şertnamasyna gol çekilende, Kyýat han öz egindeşleri bilen şol ýerdedi.
Kyýat hany özüniň ýakyn adamlary bilen wekil hökmünde gepleşik geçirmek üçin Kawkaza iberýärler. Şondan soňra onuň ady taryhy meşhurlyk gazanýar. Ol türkmenleriň Russiýanyň raýatlygyna geçmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Astrahan, Baku we Eýran bilen söwdany ýaýbaňlandyryp, uly baýlyk gazanyp, kenarýaka türkmenleriniň hanyna öwrülýär. Kyýat han 1819-1821-nji ýyllarda M.I. Ponomarýowyň we N.N. Murawýowyň, 1836-njy ýylda G. S. Kareliniň ekspedisiýalaryna köp ýardam berendigi, Tbilisidäki Kawkaz dikmeleriniň ýanyna ençeme gezek baryp, Russiýanyň raýatlygyna geçmek barada tagalla edendigi, patyşa Russiýasynyň öňünde bitiren beýleki hyzmatlary üçin altyn medal, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanýar.
XIX asyryň 20-30-njy ýyllarynda Kyýat han we onuň ogullary Astrabat, Mazenderan, Gilýan bilen Bakuwyň, Astrahanyň arasynda deňiz ýollary arkaly bolup geçýän söwda gatnaşyklarynda esasy täjirleriň birine öwrülip, barlyşyksyz bäsdeşlik göreşine gatnaşýar. Şol söwda bäsdeşligi ýaramaz netijelere getirýär. Kyýat hanyň söwdasy bulaşýar, deňizde we kenarda alamançylyk, talaňçylyk güýçlenýär, täjirler öldürilýär. Şeýlelik bilen, Russiýa-Eýran gatnaşyklary ýitileşýär. Bu gapma-garşylyklaryň ýitileşmeginiň esasy sebäbi şol döwürde el degrilmedik baýlyklaryň ummasyz zapaslarynyň barlygydyr. Bu baýlyklara eýe bolmak üçin bir tarapdan Russiýa, beýleki tarapdan Eýran bilen Kyýat hanyň arasynda barlyşyksyz göreş başlanýar. Bu göreşde Kyýat hanyň garşysyna has duşmançylykly hereketi asly eýranly, ýöne söwda bähbitleri üçin rus raýatyna geçip, hristian dinini kabul eden Mir Bagyrow amala aşyrýardy. Onuň maksady şu söwda ýolundan Kyýat hany aýyrmakdy, ony ýok etmekdi. Wagtyň geçmegi bilen Kyýat han we onuň ogullary hakykatdan hem söwda meýdanyndaky bäsdeşligiň pidasy bolýar.
Şowsuzlyklara garamazdan, Kyýat han kenar ýakasynda ýaşaýan türkmenleriň Eýran şalarynyň zulumyndan azat bolmagy üçin Russiýanyň raýatlygyna geçmek ugrunda göreşýär. Muňa uzak wagtlap baştutanlyk edýär. Bu hereket Russiýa-Eýran urşy tamamlanandan soň hasam giň gerim alýar. Patyşa hökümeti Kyýat hanyň haýyşy boýunça kenarýaka türkmenlere azar bermezligi telim gezek Eýran hökümetine duýdurýar.
1836-njy ýylda Günbatar Türkmenistany öwrenmek bahanasy bilen G.S. Kareliniň ýolbaşçylygynda ýörite rus ekspedisiýasy gelýär. Kyýat han we kenar ýakasyndaky türkmenler ekspedisiýany gowy garşylap, oňa kömek edýärler. Şol ýylyň iýulynda Esenguluda bütin Etrek-Gürgen ýomutlarynyň uly geňeşi bolup geçýär. Bu geňeşiň guramaçysy Kyýat handy. Geňeşe gatnaşan kazylar, han-begler Russiýa hökümetiniň adyna ýüzlenme kabul edip, ony I.S. Kareline gowşurýarlar. 20777 (ýigrimi müň ýedi ýüz ýetmiş ýedi) sany maşgala özleriniň Russiýanyň raýatlygyna kabul edilmegini haýyş edýär.
1821-nji ýylda Kyýat han bir ogluny Tbilisidäki aziýalylar üçin açylan gimnaziýa okuwa iberýär. Beýleki ogly Kadyrmämmedi we agtyklaryny Tbilisiniň, Sankt-Peterburgyň okuw jaýlarynda okadýar, terbiýeledýär. Kyýat hanyň özüniň ýörite öz adyna ýüzüne atyň suraty çekilen möhri bolupdyr.
1842-nji ýylyň tomsunda Kyýat hanyň we onuň ogullarynyň täleýi ters gelýär. Kenar ýakasyndaky türkmenleriň Russiýa bilen ysnyşyp, söwda gatnaşyklaryny ösdürmekleri, Russiýanyň raýatyna geçmek hereketine Kyýat hanyň we ogullarynyň ýolbaşçylyk etmegi Eýrany, hususan-da Muhammet şany ynjalyksyzlandyrýar. Eýran şu territoriýany hut öz ýerleri hasap edipdir. Şonuň üçin hem şa häkimleri her edip-hesip edip, Kyýat hany we onuň ogullaryny ýok etmegiň ýollaryny agtarýarlar.
Gülüstan we Türkmençaý şertnamalary boýunça Eýranyň Kaspi deňzinde harby flot saklamaga haky ýokdy. Duz, balyk, nebit satmakda Kyýat hana bäsdeşlik edýän eýranly söwdagärleriň kömegi bilen dildüwşük guralýar. Rus kreýseriniň komandiri kontr-admiral Ý.W. Putýatin 1842-nji ýylyň iýulynda Ýagşymämmedi (Ýagşymuhammedi) tussag edýär.
Ýaşynyň soňunda oglunyň tussag edilmegi Kyýat hana gaty agyr degýär. Ol 80 ýaşyndan geçen garrylygynyň göz öňünde tutulmagyny, özüniň we oglunyň watanyna goýberilmegini haýyş edip, patyşa hökümetiniň Kawkazdaky häkimi general P. Golowine arza ýazýar. Oglunyň tussag edilmeginde bir düşünişmezlik bolandyr diýip, ol Bakuwa gaýdýar. Alty aýlap Bakuwda karantinde bolýar. Onuň arza üstüne ýazan arzalaryna, haýyşlaryna hiç kim gulak gabartmaýar. Kyýat hanyň 30 ýylyň dowamynda rus-türkmen aragatnaşyklaryny berkitmekde bitiren hyzmatlary nazara alynmaýar. Oňa kömek edäýjek köne tanyşlary General A.P. Ýermolow we N.N. Murawýow dekabristler bilen aragatnaşykda bolandyklary üçin Nikolaý I-iň gazabyna duçar bolupdyr.
Kyýat han 1842-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Bakuwdan Tbilisä getirilýär. Kawkaz häkimleri I. Paskewiç, G.W. Rozen ýaly generallar ozallar Kyýat hany dabaraly garşylap, oňa hezzet-hormat edip ýören adamlardy. Ýöne weli bu gezek olar ony zyndana taşladýarlar.
Kyýat han Tbiliside 1843-nji ýylyň mart aýynyň ortalarynda ejizläp, iki gözi gapylyp, 89 ýaşynyň içinde zyndanda aradan çykýar.

ÇEŞME: Gollanma
...