"Ýaşyl meýdan, ýaşyl ýygyndy, ýaşyl Türkmenistan"

0 ses
1 gezek okaldy
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Sport | 12.12.2018 10:29 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#285)
Ýakynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň resmi saýtynda Aziýa kubogy - 2019-a gatnaşýan milli ýygyndylaryň şygaryny saýlamak boýunça ses berlişik geçirildi. Şygarlaryň nusgalaryny AFK-nyň hünärmenleriniň özleri saýlady. Şeýlelikde, janköýerler her milli ýygyndy üçin saýlanan dört-bäş şygaryň (motto-slogan) arasyndan iň mynasybyna öz seslerini berdiler.

Ses berlişigiň netijesinde Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy üçin "Ýaşyl meýdan, ýaşyl ýygyndy, ýaşyl Türkmenistan" şygary saýlanyp alyndy. Bu şygar ýaryşyň geçirilýän günlerinde biziň milli ýygyndymyzy gatnatjak awtobusa bezeg berer.

Topardaşlarymyzdan Ýaponiýanyň janköýerleri: "Her kime hormat goýup, hiç kimden çekinmän" diýen şygary saýlan bolsalar, özbek janköýerleri öz milli ýygyndysyna: "Biz şu ýerde. Özbegistan" diýen şygary mynasyp gördüler. Omanyň ýygyndysy üçin bolsa: "4 million ýürek, bir arzuw" diýen şygar saýlanyldy.

Aşakda AFK Aziýa 2019-a gatnaşýan ähli ýygyndylaryň şygarlaryny ýazaly:

TOPAR "A":
1. BAE: "Biziň wagtymyz geldi" (Our time is now).
2. Taýland: "Çansuek bilelikde bir jan" (Changsuek together as one) *Cansuek - söweş pili.
3. Hindistan: "Gök ýolbarslar: milletiň umydy" (Blue Tigers: The of a nation).
4. Bahreýn: "Hiç haçan 'Hiç haçan' diýme" (Never say never).

TOPAR "B":
1. Awstraliýa: "Gahrymanlar beýgeler" (Heroes will rise).
2. Siriýa: "Bir ýygyndy. Bir millet. Bir Siriýa" (One team. One nation. One Syria).
3. Palestina: "Biz ýeňeris. Biz Palestina" (We will triumph. We are Palestine).
4. Iordaniýa: "Iordaniýany buýsandyr" (Make Jordan Proud).

TOPAR "Ç":
1. Gündogar Koreýa: "Biz Gyzyllar!" (We are the Reds!).
2. Hytaý: "Şol bir arzuw üçin söweşýär" (Fighting for the same dream).
3. Gyrgyzystan: "Ak Laçynlar!" (The White Falcons!).
4. Filippinler: "Mümkinsizligi hyýal etmek" (To dream the impossible).

TOPAR "D":
1. Eýran: "80 million adam. Bir millet. Bir ýürek urgusy" (80 Million People, One Nation, One Heartbeat).
2. Yrak: "Şirler hemişe agdyklyk eder" (Lions always prevail).
3. Wýetnam: "Altyn ýyldyz göreşijileri" (Golden Star Warriors).
4. Ýemen: "Hiç haçan boýun egme" (Never give up).

TOPAR "E":
1. Saud Arabystany: "Sähradan Aziýanyň tagtyna" (From the desert to the throne of the Continent).
2. Katar: "Biz - Buýsanç Milleti" (We & the Nation of Pride are Fine).
3. Liwan: "Kedrler* gelýär" (The Cedars are coming) (Kedr - Liwanyň nyşany bolan daragt).
4. Demirgazyk Koreýa: "Çhollimanyň* ruhy bilen" (In the spirit of Chollima) (Çhollima - koreý rowaýatyna görä, ganatly at).

TOPAR "F":
1. Ýaponiýa: "Hemmäni hormatla, hiç kimden gorkma" (Respect all, fear none).
2. Özbegistan: "Biz şu ýerde. Özbegistan" (Here we are Uzbekistan).
3. Oman: "4 million ýürek, bir arzuw" (4 million hearts, one dream).
4. Türkmenistan: "Ýaşyl meýdan, ýaşyl ýygyndy, ýaşyl Türkmenistan" (Green ground, Green team, Green Turkmenistan).

ÇEŞME: Türkmen Portal we Fox Sports Asia
...