Awtoulaglara awtoýollary ulanmak salgydy

0 ses
1 gezek okaldy
Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Habarlar | 14.12.2018 14:32 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#287)
Türkmenistanda oktýabr aýyndan başlap awtoulaglaryň awtoýollary ulanandygy üçin salgyt girizildi diýen gürrüňler bar.
Ýük maşynlary we agyr tehnika üçin aýda ýol salgydyna 96 manat tölemeli, ýeňil maşynlar üçin bolsa 16 manat tölemeli.
Bu töleg tölenmese, awtoulag tehniki gözegçilige goýberilmeýär. Öz wagtynda tehniki gözegçilikden geçirilmedik awtoulagy ulanmak gadagan.
Şol bir wagtda, ýük maşynlaryny ýylda iki gezek tehniki gözegçilikden geçirmek düzgüni girizildi. Ýeňil maşynlar, ozalkylary ýaly, tehniki gözegçilikden ýylda bir gezek geçirilmeli.
Ýatladýarys, awgustda Aşgabatda ýeňil maşynlary tehniki gözegçilikden geçirmegiň bahasy 10 esseden gowrak köpeldildi.
Awtosalgyt girizilmeginden başga, 1-nji dekabrdan ýurtda alkogolly içgileriň we temmäki önümleriniň aksizleriniň bahalary hem ýokarlandy.

ÇEŞME: Türkmenistanyň Hronikasy
...