Türkmenistanda 2018-nji ýylyň iň gowylary

0 ses
1 gezek okaldy
user-avatar-image Awtor: (Wasýok) | Kategoriýa: Sport | 06.01.2019 03:56 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#297)
Aşgabadyň “Altyn asyrynyň” we futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew 2018-nji ýylyň jemleri boýunça “Türkmenistanyň iň gowy tälimçisi” diýlip yglan edildi. Bu barada, ýurdumyzyň sport žurnalistleriniň we futbol toparlarynyň hünärmenleriniň arasynda geçirilen ses berlişige esaslanyp, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.
Geçirilen ses berlişigiň netijesinde, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewden soň iň köp sesi geçen möwsümde Mary DES-niň “Energetik” futbol topary bilen çempionatyň bürünç medalyny gazanan, Kubok ýaryşynda bolsa finala çenli baryp ýeten ýaş tälimçi Mekan Nasyrow toplady. Üçünji orny bolsa ýurdumyzyň wise-çempiony “Ahalyň” baş tälimçisi Röwşen Meredow bilen Türkmenistanyň kubogynyň eýesi bolan Aşgabadyň “Köpetdagyna” tälim berýän Said Seýidow paýlaşdylar.
27-nji fewralda 42 ýaşyny doldurjak Ýazguly Hojageldiýew geçen möwsümde “Altyn asyr” bilen bassyr bäşinji gezek Türkmenistanyň çempionlygyna, ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyna ýetmegi we AFK-nyň kubogynda türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji gezek final duşuşygyna gatnaşmagy başardy.

Aşgabadyň “Altyn asyr” futbol toparynyň we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 25 ýaşly ýarym goragçysy Altymyrat Annadurdyýew 2018-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi. Ol bu derejäni Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan sport žurnalistleriniň hem-de futbol toparlarymyzyň hünärmenleriniň ses bermeginde gazandy.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan berlen magumata görä, ýeňijiden soň ikinji orny “Altyn asyryň” we milli ýygyndymyzyň merkezi goragçysy Mekan Saparow eýeledi.
Ilkinji gezek 2015-nji ýylda uly futbola gelen Altymyrat Annadurdyýewiň Ýokary ligada çykyş eden dördünji möwsüminde ýurdumyzyň iň gowy futbolçysy saýlanylmagy ýokary üstünlik we uly başarnykdyr. “Pökgi bilen dostlugyna” Aşgabadyň “Galkan” toparynda başlan A.Annadurdyýew 2014-nji ýylda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda 10 pökgi bilen iň netijeli futzalçy bolmagy başardy. 2015-nji ýylda bolsa uly futbola ilkinji ädimlerini ädip, “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň “Ahal” futbol topary bilen şertnama baglaşdy. Täze topary bilen ilkinji gezek ýaşyl meýdana halkara duşuşuşykda - AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Aşgabatda Gyrgyzystanyň “Dordoýy” bilen geçirilen duşuşykda çykdy. Şeýlelikde, futbolçylaryň köpüsinden tapawutlylykda, uly futbola halkara duşuşyk bilen ilkinji ädimini äden A.Annadurdyýew şol duşuşygyň eýýäm 9-njy minudynda tapawutlanmagy hem başardy. Şol ýyl çempionatda geçiren ilkinji duşuşygynda hem (“Ahal” - “Energetik”) dört gezek tapawutlanan A.Annadurdyýew türkmen futbolynyň geljekki ýyldyzynyň dogup gelýändiginiň buşlugyny şol günlerden berdi. 2016-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Altyn asyr” futbol toparynda çykyş edip gelýän oýunçy milli ýaryşlarda kuboklaryň ençemesini gazandy, 2018-nji ýylda bolsa AFK-nyň kubogynyň finalyna çenli baryp ýetdi. Şol bir wagtyň özünde ol 15 pökgi bilen yklym ýaryşynda iň köp tapawutlanan türkmen futbolçysy diýen ady hem özünde saklaýar.
Altymyrat Annadurdyýew Türkmenistanyň milli ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygyny 2015-nji ýylyň 1-nji iýunynda Dünýä kubogy - 2018-iň saýlama tapgyrynda Guama garşy geçirdi. Milli ýygyndydaky ilkinji pökgüsini bolsa 2017-nji ýylyň 26-njy martynda Taýwanyň ýygyndysynyň derwezesine geçirdi.
Altymyrat Annadurdyýew Türkmenistanyň futbol federasiýasy tarapyndan düzülen 2018-nji ýylyň nusgalyk düzüminde hem ýer alýar. Futbolçy ýakyn günlerde Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek Aziýa kubogynda hem milli ýygyndymyzyň üstünlikleri üçin göreşer.
...