Aziýa Futbol Kubogy 2019: Türkmenistan 2 - Ýaponiýa 3

0 ses
1 gezek okaldy
Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Sport | 10.01.2019 17:40 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#299)
9-njy Ýanwar 2019-de Abu-Dabi şäherindäki «Al-Nahýan» stadionynda Aziýa Futbol Kubogy ― 2019-yň «F» toparçasynyň çägindäki Türkmenistan ― Ýaponiýa duşuşygy bolup geçdi. Duşuşygynyň birinji ýarymy 1-0 Türkmenistanyň üstünligi bilen tamamlandy.Türkmen futbolçylary Aziýanyň iň güýçli ýygyndylarynyň biri bilen taryhynda ilkinji gezek geçirýän duşuşygynda pökgini 26-njy minutda milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow 30-35 meter uzaklygdan berk urgy bilen hasaby açmagy başardy. Ýaponiýanyň ýygyndysy bilen taryhda ilkinji gezek geçirýän duşuşygymyzda hasaby milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow açdy. Ýarym goragçy Ruslan Mingazowyň özüne geçiren pökgüsini owadan urgy bilen derwezä dürs geçiren kapitan, şeýlelikde, AFK 2019-daky ilkinji golumyzyň hem awtory boldy.

Emma duşuşygyň ikinji ýarymynda terjibeli Ýaponiýa ýygyndysy duşuşygyň 56-njy minudynda Genki Haraguçinin asisti bilen Ýuýa Osako hasaby 1-1'e deňledi. Diňeje dört minut soňra duşuşygyň 60-njy minudynda Yuto Nagatomonyň asisti bilen Ýuýa Osako ýene bir gezek saýlanyp Ýaponiýany 2-1 öňe çykardy. Duşuşygyň 71-nji minudynda bolsa Takumi Minaminonyň asisti bilen Ritsu Doan Ýaponiýa adyna hasaby 3-1 getirdi. Şeýdip, Ýaponiýa 15 minutda 3 pökgi geçirmegi başardy. Duşuşygynyň 78-njy minutda Altymyrat Annadurdyyew Ýaponiýa derwezewany bilen ýekeme-ýeke galdy we derwezewanyň fauly etmegi bilen duşuşygyň emini 11 meterlik jerime urgusyna karar berdi. Jerime urgusyny dürüst ýerine getiren Ahmet Ataýew hasaby 2-3'e getirdi. Duşuşygynyň galan möhletinde hiç gol sesi çykmansoň Türkmenistan AFK 2019-daky birinji duşuşygy Ýaponiýa garşysynda 2-3 hasap bilen ýeňildi.

Duşuşyň Gol we Esasy Pursatlarynyň Wideosy: http://www.the-afc.com/asiancup/matches/2018/983231
...