2.3 milliard dollara Aşgabat-Türkmenabat awtobany gurlar

0 ses
1 gezek okaldy
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Habarlar | 12.01.2019 14:55 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#302)
Köpugurly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenistanyň geoykdysady mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde hususy pudagyň tutýan ornuny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine buýrujy hem-de baş potratçy hökmünde çykyş etmek bilen, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň we onuň desgalarynyň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak, şeýle hem olary dolandyrmak boýunça işleri ýerine ýetirmäge ygtyýar berildi.

Işlere 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda başlamak we şu tapgyrlara laýyklykda awtomobil ýolunyň hem-de onuň desgalarynyň:

Aşgabat — Tejen bölegini 2020-nji ýylyň dekabr aýynda;

Tejen — Mary bölegini 2022-nji ýylyň dekabr aýynda;

Mary — Türkmenabat bölegini 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

ÇEŞME: Türkmen Portal
...