Aziýa Futbol Kubogy 2019: Türkmenistan 1 - Oman 3

0 ses
1 gezek okaldy
user-avatar-image Awtor: (Talyp) | Kategoriýa: Sport | 17.01.2019 21:05 Gyzgyn, Turkmence, Sosiyal, interaktiw, sayty, Turkmen, Türkmen, Türkmenistan, Turkmenistan, Türkmençe, Sosiýal, saýty (#306)
17-nji ýanwarda Aşgabat wagty bilen 18:30-da Abu-Dabi şäheriniň "Mohammed bin Zayed" stadionynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa 2019 Kubogynyň «F» toparçasyndaky soňky tapgyrynyň duşuşygyny Omanyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçirdi. Duşuşykda Nawaf Şukrullanyň ýolbaşçylygyndaky bahreýnli eminler topary eminlik etdi. Duşuşyk 1-3 hasaby bilen Omanyň üstünligi bilen tamamlandy.

GOLLAR:
20-nji minutda: Ahmed Al Mahaijri (Oman)
41-nji minutda: Altymyrat Annadurdyyev (Türkmenistan)
84-nji minutda: Muhsen Al Ghassani (Oman) [Assist: Ahmed Al Mahaijri]
90+3-nji minutda: Mohammed Al-Musallami (Oman) [Assist: Salaah Al-Yahyaei]

Şeýlelik bilen «F» toparçasyndan Ýaponiýa we Özbegistan ýoluna dowam etdi.  

TOPAR "F":
1. Ýaponiýa (9 Oçko)
2. Özbegistan (6 Oçko)
3. Oman (3 Oçko)*
4. Türkmenistan (0 Oçko)
...